Aşgabadyň günortasynda sähra ýangyny boldy. Olary söndürmäge harbylary ýolladylar, ýüzlerçe hyzmat işgärleri ýangynyň yzlaryny ýapdylar

Aşgabadyň günortasynda sähra ýangyny boldy. Olary söndürmäge harbylary ýolladylar, ýüzlerçe hyzmat işgärleri ýangynyň yzlaryny ýapdylar

29-njy iýulda Aşgabadyň günortasynda Köpetdagyň eteklerinde ýangyn döredi. Uly meýdanda ösümlikler- gury otlar we gyrymsy agaçlar ýandy diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” jurnalistleri habar berýärler.

IIM-niň gözegçiligindäki ýangyna garşy gulluk öz wagtynda tijenmedi we ýangyn tiz wagtda uly meýdana tutaşdy.Belki, hut şu 30-njy iýulda geçen Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde IIM Muhammet Hydyrowa käýinç yglan edilmeginiň sebäpdir.

Ol mejlisde ýangyna garşy düzgünleriň berjaý edilişi barada hem hasabat beripdi.

Aşgabatdan asma köpri tarapa barýan ýoldaky meýdan ýandy.

Ýangyny söndürmek üçin ýangyn ulaglar we dikuçarlar bilen birlikde MHM-niň telefon etmegi netijesinde ol ýere golaýdaky bölümleriň harby gullukçylary hem iberildi.

Az wagtdan soňra ýangyn bolan meýdana şäheriň ýaşaýyş jaý hyzmat ediş gullugynyň, suw, ýylylyk üpjünçiliginiň hem jaý müdirýetiniň ýüzlerçe (käbir maglumatlara görä bir müň çemesi) işgärleri ýollandy we olar ýangyndan galan yzlara gum, ol ýere getirilen çäge dökdiler.

Ýanan meýdanyň bir bölegi gadagan edilen zolaga girýär.Bu ýerlerde mal bakmaga hem rugsat edilmeýär. Netijede, uzyn otlar gögerip, jokrama yssyda guraýarlar we aňsat ýanýarlar.

Şol gün Aşgabatda yssy 39 derejä ýetipdi.

“TH-niň” jurnalisti bilen gepleşen hünärmeniň sözlerine görä, ol ýerlerde mal bakmaga rugsat etmeli we ol ýeri wagtal-wagtal sürmeli.

Ýangynyň sebäpleri anyk däl.

Iýunyň ahyrlarynda ol ýere golaý-öňki “Birinji maý” şäherçesiniň çäginde hem ýangyn bolupdy.

Mundan öň “Meteojurnal” Aşgabadyň günortasynda birnäçe gezek sähra ýangynynyň bolandygyny habar beripdi.

“Sputnik suratlarynyň seljerilmesi Türkmenistanda sähra ýangynlarynyň her ýyl bolýandygyny görkezdi.Käbir ýagdaýlarda diňe bir ýangynyň tutýan meýdanynyň on müňlerçe gektara ýetmegi ähtimal.Umuman, bir ýylda ýangynyň 100-300 müň gektary gurşap almagy mümkin” diýip neşiriň ekspertleri ýazýarlar.The post Aşgabadyň günortasynda sähra ýangyny boldy.

Olary söndürmäge harbylary ýolladylar, ýüzlerçe hyzmat işgärleri ýangynyň yzlaryny ýapdylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Kanadanyň günbatarynda tokaý ýangynlary sebäpli müňlerçe adam göçürildi
Hindistanda boýag önümçilik ussahanalarynyň birinde ýangyn boldy
Abadanda býujet işgärlerinden “saglyk barlagy” üçin pul ýygnalýar
Çilidäki tokaý ýangynlarynda ýogalýan adamlaryň sany artýar
Çilidäki Tokaý Ýangynlarynda Ýogalanlaryň Sany Artdy
Argentinadaky ÝUNESKO-nyň seýilgähinde ýangyn tutaşdy
ABŞ-da howa menzilinde angar çökdi