Abadanda býujet işgärlerinden “saglyk barlagy” üçin pul ýygnalýar

Abadanda býujet işgärlerinden “saglyk barlagy” üçin pul ýygnalýar

Aşgabadyň etegindäki Abadan şäherinde býujet işgärleriniň ýüzlerçesinden ýene mejbury-meýletin pul ýygnalýar. Edara ýolbaşçylary bu gezekki serişdäniň “hökmany saglyk barlaglary” üçin toplanýandygyny aýdýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 9-njy fewralda paýtagtdan maglumat berdi.

“Nah ýüplügini we tekstil önümlerini öndürýän Abadan fabriginiň işgärleriniň her birinden şu hepde 180 manat pul ýygnaldy. Kärhana ýolbaşçylary işgärleriň saglyk barlaglaryndan hökmany geçmelidigini aýdyp, munuň öýkeni rentgenden geçirmek üçin toplanýandygyny aýtdylar” diýip, fabrigiň işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýöne fabrigiň birnäçe işgäriniň tassyklamagyna görä, kärhana ýolbaşçylary olary rentgen barlagyndan geçirmejekdiklerini aýtdylar. Olar munuň sebäbini "işgärleri zyýanly şöhlelerden goramak tagallalary" bilen düşündirdiler.

"Şeýlelik-de, pul ýygnalyp alnan bolsa-da, işgärler rentgen barlagyndan geçirilmeýärler" diýip, işgär belledi.

Türkmenistanda indi sekiz ýyl çemesi wagt bäri býujet işgärlerinden mejbury saglyk barlaglaryndan geçmeklik talap edilýär. Barlaglar kärhana ýolbaşçylary bilen işgärleriň arasynda baglaşylan şertnama esaslanýar. Soňky alty ýyl çemesi wagt bäri ýylda iki gezek amal edilýän bu barlaglar üçin işgärlerden 100-200 manat aralygynda pul ýygnalýar.

Ýöne Abadandaky fabrigiň işgärleri, şol sanda hasaphana bölüminiň bir hasapçysy ýygnalýan häzirki serişdäniň saglyk barlaglary bilen däl-de, fabrigiň ammarynda dörän ýangyn bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Ýanwaryň ahyrynda fabirgiň ammarynda uly ýangyn döredi. Häzir ýangyna jogapkär işgäriň günäsini ýapmak we kärhananyň ýolbaşçysynyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmeginiň öňüni almak üçin uly mukdarda pul soralandygy aýdylýar. Gysga wagtda talap edilýän bu puluň esasy böleginiň jemlenendigi, ýöne ýetmedik böleginiň häzir 500 çemesi işgärden toplanýandygy aýdylýar” diýip, fabrigiň başga bir işgäri belledi.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada agzalýan fabrikden resmi teswir almak synanyşyklary başa barmady. Redaksiýa bu barada ýerli häkimiýetlerden, şol sanda şäheriň Ýangyna garşy göreş gullugyndan we polisiýasyndan hem teswir alyp bilmedi.

Ýöne fabrigiň işgärleri ýangynda ammarda saklanýan matalaryň we ýüplükleriň ählisiniň doly ýanandygyny we kärhananyň millionlarça manat möçberinde zyýan çekendigini aýdýarlar.

“Abadan etrabynyň prokuraturasynyň sülçüleri häzire çenli derňew alyp barýarlar” diýip, fabrigiň işgäri belledi.

Azatlygyň bu barada Abadanyň prokuraturasy bilen telefon arkaly habarlaşyp, teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda häkimiýetler we resmi media ýurtda bolýan ýangyn ýa-da beýleki betbagtçylykly hadysalar barada maglumat bermeýärler.

Ýurtda býujet işgärlerinden dürli maksatlar üçin yzygiderli pul toplanýar. Olar edara-kärhanalarda abatlaýyş işlerini geçirmek, prezidentiň portretini we şygarlary çalyşmak, sport eşiklerini we tigir satyn almak, tebigaty goramak, pagta ýygymy ýaly maksatlar üçin pul bermäge mejbur edilýärler.

Pul goşandyny goşmakdan boýun gaçyranlar köplenç gorkuzmalara sezewar edilip, olara işden çykarylmak haýbaty atylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda her bir döwlet edarasynyň öňünde täze ýyl arçasyny oturtmak däbi çäklendirilýär
Hindistanda Myhmanhanada Bolan Ýangynda 6 Adam Ýogaldy
Çilidäki Tokaý Ýangynlarynda Ýogalanlaryň Sany Artdy
Argentinadaky ÝUNESKO-nyň seýilgähinde ýangyn tutaşdy
ABŞ-da howa menzilinde angar çökdi
Argentinanyň Los-Alerses milli seýilgähindäki ýangynyň ýaýrawy 80%-e ýetdi