Lebapda her bir döwlet edarasynyň öňünde täze ýyl arçasyny oturtmak däbi çäklendirilýär

Lebapda her bir döwlet edarasynyň öňünde täze ýyl arçasyny oturtmak däbi çäklendirilýär

Türkmenabatdaky edara-kärhanalarynyň öňünde ýerli häkimiýetleriň görkezmesi bilen 7-nji dekabra çenli oturdylan täze ýyl arçalarynyň ençemesi söküldi. Bezeg işleri üçin, mundan ozal, edara-kärhanalaryň işgärlerinden adam başyna 50 manat möçberinde pul toplanypdy. Ýöne toplanan pullar yzyna gaýtarylyp berilmeýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berýär.

Dekabryň başlarynda Türkmenabadyň şäher häkimligi 10-njy dekabra çenli ähli edara-kärhanalaryň öňünde baýramçylyk arçalarynyň bezelmegini tabşyryk beripdi. Ýöne häkimiýetler bu talaplaryny ýatyrýarlar.

Täze talaplara laýyklykda, sebit häkimiýetleri tutuş welaýat boýunça bäş sany esasy arça agajynyň bezelmegini tabşyrýarlar. Türkmenabatda häzirki wagtda 7-nji dekabra çenli bezelen üç sany täze ýyl arçasy sökülmän galdy.

“Türkmenabatda üç sany täze ýyl arçasy sökülmän galdyryldy: Ak öýüň öňündäki baş arça, Welaýat kitaphanasynyň öňündäki bir arça hem-de Lebap Söwda merkeziniň öňündäki bir arça sökülmän galdyryldy” diýip, lebaply býujet işgäri aýdýar.

Geçen hepdäniň penşenbe gününe çenli, Türkmenabadyň seýilgählerinde, myhmanhanalaryň öňünde, edara-kärhanalaryň öňünde, bazarlaryň girelgesinde, demir ýol menziliniň öňünde we hassahanalaryň öňünde Täze ýyl arçalaryny oturtmak we bezemek işleri alnyp barylýardy. Bezeg işlerine niýetlenilip, her bir işgärden 50 manat möçberinde pul toplandy.

“Ýokary göteriji kranlar üçin bir topar pul ýygnaldy. Ýygnalan pullar býujet işgärlerine gaýtarylyp berilmedi” diýip, bir işgär aýdýar.

Türkmenabatda täze ýyl arçalarynyň sany çäklendirilýän mahaly, köçelere täze ýyl çyralaryny dakmak işleri, bezeg işleri dowam edýär. Bitarap Türkmenistan köçesiniň bölüji zolagynda ösüp oturan arça agaçlaryna bezeg çyralary dakylýar.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiri 8-nji dekabrda Aşgabat şäherinde hem ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň öňünde täze ýyl arçalaryny oturtmak däbiniň bölekleýin terk edilendigini habar berdi. Paýtagtda ozal oturdylan emeli arça agaçlary sökülip aýrylypdyr.

Mundan ozalky ýyllarda, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň ähli iri şäherlerinde täze ýyl arçalaryny oturtmak işlerine badalga berilýärdi. Bu çäreler üçin býujet işgärlerinden pul toplanýardy.

Azatlygyň habarçylary Türkmenabatda eýýäm 3-nji dekabrda, dynç güni, ähli edaralaryň öň tarapynda oturdylan täze ýyl arçalarynyň bezeg işleriniň dowam etdirilendigini habar berdiler.

Ýöne dört gün soň bu arçalaryň ençemesi söküldi. Türkmenabatda täze ýyl arçalarynyň ençemesiniň sökülmeginiň aňyrsynda ýatan sebäpler aýdylmaýar.

Azatlyk Radiosy Türkmenabatda täze ýyl arçalarynyň dikilmegi we birnäçe gün soňra sökülmegi barada şäher häkimliginden teswir alyp bilmedi.

Häkimiýetler dekabryň başlarynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde hem täze ýyl bezegleri bilen baglylykda býujet işgärlerinden pul toplady. Bu şäherde baş arça Ruhyýet köşgüniň öňünde dikildi.

Bu aralykda, türkmen metbugaty Aşgabadyň şäher häkimligine salgylanyp, şu ýyl paýtagtdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňünde oturdyljak täze ýyl arçasynyň boýunyň 44 metre barabar boljakdygyny habar berýär. 2023-nji ýyla geçilende paýtagtyň baş arçasynyň boýy 43 metr bolupdyr.

Şol bir wagtda, resmi habarlardan mälim bolşuna görä, şu ýyl Arkadag şäherinde hem iri Täze ýyl baýramçylyk çäresini guramak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda maşgala baýramçylygy hökmünde bellenilip geçilýän Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda we dowamynda ýurt boýunça howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär. Ýaşlaryň, şol sanda mekdep okuwçylarynyň arasynda baýramçylyk günlerinde özüňi alyp barmagyň düzgünleri düşündirilýär. Pirotehnikalardan peýdalanmazlyk maslahat berilýär. Ýangyn howpsuzlygyna garşy hüşgärlik güýçlendirilýär. Edara-kärhanalarda işgärleriň täze ýyl agşamgynda baýramçylyk bellemegi, oturylyşyk çärelerini gurnamagy häkimiýetler tarapyndan gözegçilikde saklanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda dynç güni ýowar geçirildi
Täze ýyl bezegleri üçin býujet işgärlerinden pul ýygnalýar
Russiýa we Ukraina uçar heläkçiligi bilen bagly biri-birlerini günäkärleýärler
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Galla biziň baýlygymyz
Türkmenistanyň Prezidenti möwsümleýin oba hojalyk işleriniň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi