Berdimuhamedowa berilen hasabata görä, “Awazada” dynç almak üçin 2257 sany putýowka berildi

Berdimuhamedowa berilen hasabata görä, “Awazada” dynç almak üçin 2257 sany putýowka berildi

28-nji maýda prezident Berdimuhamedow raýatlaryň tomusda Hazaryň kenarynda dynç alanda howpsuzlygynyň üpjünçiligi barada iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH döwlet täzelikler gullugy magluamt berýär.

Saglygy saklaýyş ministri Nurmuhammet Amannepesowyň hasabatyna görä,

— Häzirki döwürde 2257 sany putýowka berildi. Olary alan raýatlar koronawirusa garşy sanjymy we döwlet migrasiýa gullugyndan rugsat aldylar

— Awazadaky “Seýrana” we “Hazyna” myhmanhanalarynda gyssagly medisina kömegi bermek üçin zerur däri-dermanlar bolan “tiz kömek” nokatlary döredildi. Dynç alyş zonadaky ähli myhmanhanada zerur däri-dermanly dermanhana bar.

— Hyzmat edýän raýatlar saglyk barlagyndan geçdiler we sanjym aldylar

— “Awazadaky” awtoulag duralgalarda ekspress Covid-19 testi edilýär

— Hazaryň kenaryndaky syýahat zonada ýokançlara garşy çäreler görülýär

Içeri işler ministriniň orunbasary Hojanyýazowyň hasabatyna görä, barlag-geçiş nokatlarynda Içeri işler, Saglyk ministrlikleriniň we migrasiýa gullugynyň işgärleri nobatçylyk çekýärler, wideo gözegçilik sistemasy ýola goýuldy, halas edijiler gije-gündiz gözegçilik edýärler.

Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň howpsyz dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilmegini, syýahat zonada düzgünleriň pugta berjaý edilmegini we barlag-geçiş nokatlarynyň takyk işlemegini tabşyrdy.

Ýatlatsak, ýurtda sanjym boýunça 18 punkt hereket edýär.The post Berdimuhamedowa berilen hasabata görä, “Awazada” dynç almak üçin 2257 sany putýowka berildi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Belentden ýaňlanan owazlar
Milli Liderimiziň syýasatynyň maksady halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
“Awazada” dynç alyş üçin resminamalar berlip başlandy
Ermenistanyň parlamentinde dartgynly pursatlar başdan geçirildi
Halkara bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi