Ermenistanyň Parlamentinde hökümetiň başyndaky Jemgyýetçilik ylalaşyk partiýasynyň deputaty Haýk Sarkisýan, ýurdyň ozalky Goranmak ministri Seýran Ohaýany dönüklik etmek bilen günäkärledi.
Maslahata gatnaşan Seýran Ohaýan bolsa Haýk Sarkisýana ilki bilen sözleri bilen garşylyk görkezdi, soň bolsa öňünde duran suwly çüýşäni zyňdy.
Şondan soň hökümetiň başyndaky partiýa bilen oppozisioner partiýalaryň deputatlary biri-biri bilen gowga etdiler.
Köp wagtlap dowam eden gowga ýatyrylyp bilinmänligi sebäpli mejlise giren esgerler depuatlary biri-birinden aýyrdylar.
