Berdimuhamedowa sport maşynyny 'eçilen' firma birden birnäçe proýekt ynanyldy

Berdimuhamedowa sport maşynyny 'eçilen' firma birden birnäçe proýekt ynanyldy

Aşgabat şäher häkimligine we türkmen prezidentiniň diwanyna Fransiýanyň “Bouygues Batiment International” kompaniýasy bilen gurluşyk şertnamalaryny baglaşmaga rugsat berildi.

TDH habar gullugynyň maglumatyna görä, ozal biraz türkmen bazaryndan çetleşdirilen ýaly görnen fransuz kompaniýasynabirbada birnäçe uly proýekt ynanyldy: olaryň birinjisi Köpetdag şaýolunyň ugrunda gurulmaly Hökümet münberi, ikinjisi Türkmenistanyň Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumy, ýene biri bolsa Çandybil şaýolunyň ugrunda gurulmaly kaşaň myhmanhana.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji fewralda gol çeken kararlaryna laýyklykda, bu gurluşyklar şu ýylyň, mart, sentýabr aýlarynda başlanyp, 2020-nji ýylyň mart, sentýabr aýlarynda ulanmaga berilmeli.

Bulardan başga, bu kompaniýa Aşgabatda bir ýyl içinde “Türkmenbaşy” we “Senagat” banklarynyň edara binalaryny hem gurar.

Emma TDH türkmen ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýynda planlaşdyrylýan täze binalaryň döwlet býujetinde sosial maksatlar üçin goýberilýän serişdäniň näçe prosentini alýandygynywe türkmen gaznasyna näçe serişdä düşýändigini anyklaşdyrmaýar.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-news-app {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-news-app img {

display: none;

}

#GR-952-news-app:hover {

outline:2px solid #EA6903;

}

#GR-952-news-app .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-news-app span {

color: #EA6903;

}

#GR-952-news-app p {

font-size: 16px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 480px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 18px;

}

#GR-952-news-app img {

display: block;

width: 72px;

}

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-news-app p {

font-size: 20px;

}

#GR-952-news-app img {

width: 152px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň mobil tilsimi Indiriň we soňky maglumatlar barada habarly boluň

HWF-nyň ekspertleriniň döwlet inwestisiýalaryny azaltmak barada beren geňeş-maslahatlaryna garamazdan, türkmen hökümetiniň uly-uly edara jaýlaryny, myhmanhanalary we kongres zallaryny gurmak endiginden bu ýyl hem el çekmejegi ýanwar aýyndan belli boldy. Şonuň bilen bir wagtda bu ýylMagtymguly Pyragynyň Aşgabatdaky ýadygärligini ýykmak wetäze ýadygärlik gurmak planlaşdyrylýar.

Prezident Berdimuhamedow 24-nji ýanwarda täze proýektleriň gurluşygy üçin tender, bäsleşik yglan etmek meselesini gozgan hem bolsa, Azatlygyň ýerli çeşmeleri täze gurluşyk proýektleriniň hiç hili tendersiz “Bouygues” kärhanasyna berlendigini öňünden habar berdiler. Şeýle-de çeşme täze gurluşyk proýektleriniň türkmen gaznasyna ýüzlerçe million dollara düşjekdigini aýdýar.

Mysal üçin, paýtagtyň “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň ugrundafransuz kompaniýasy tarapyndan guruljak kaşaň myhmanhana döwlet gaznasyna 300 million ýewro düşer diýip, çeşme aýtdy. Emma Azatlyk häzirlikçe beýleki proýektleriň deslapky bahalaryny anyklap bilmedi.

/*

initInfographics(

{

groups:[],

params:[],

isMobile:true

});

#GR-952-telegram {

outline:1px solid #DEE1E2;

height: 73px;

padding: 0px 10px;

float: none;

}

#GR-952-telegram img {

width: 60px;

}

#GR-952-telegram:hover {

outline: 2px solid #61a8de;

}

#GR-952-telegram .text {

margin-right: 20px;

text-align: center;

}

#GR-952-telegram span {

color: #61a8de;

}

#GR-952-telegram p {

font-size: 18px;

margin:0;

color: #7C858D;

line-height: 1.2;

}

@media (min-width: 640px) {

#GR-952-telegram p {

font-size: 21px;

}

#GR-952-telegram img {

width:130px;

}

}

Azatlyk Radiosynyň Telegram kanalyna ýazylyň

Ýöne Azatlygyň çeşmeleri indi Berdimuhamedowyň on ýyla golaý esasy gurluşykçysy bolan Erol Tabançany, Türkiýäniň “Polimeks” firmasyny ýurduň bazaryndan çetleşdirip,ozal çetleşdiren firmalaryny - Türkiýäniň “Çalyk Holding”, Fransiýanyň “Bouygues” kärhanalaryny yzyna getirýändigini bireýýäm habar berdiler. Bu öwrülişik, aýdylmagyna görä, “Polimeks” bilen türkmen hökümetiniň arasyndaky algy-bergi meselesine esaslanýar.

“Polimeksiň” türkmen hökümetinden azyndan 800 million dollar algysy bar” diýip, Azatlyk radiosynyň türkmen hökümetindäki çeşmesi aýdýar. Emma “Polimeks” kompaniýasynyň Türkiýedäki baş edarasynyň wekili Azatlyk bilen söhbetdeşlikde bu aýdylýanlary ret etdi we Aşgabatdan täze proýektlere garaşýandyklaryny aýtdy.

Ýatladýarys,“Bouygues Bâtiment International” kompaniýasy 2008-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda 270 million ýewrolyk gurluşyk proýektini utdy we şol wagt ol türkmen bazarynda eýýäm 15 ýyla golaý uly gurluşyklary gurýardy. Emma bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk 2009-njy ýylyň martynda prezident Berdimuhamedowa sowgat berlen sport maşynynyň töwereginde turan galmagal sebäpli gowşady diýip, synçylar aýdýar.

Şonda daşary ýurt metbugatynda Fransiýanyň “Bouygues” firmasynyň biznesmenleriniň prezident Berdimuhamedowa 100 müň dollarlyk “Mitsubishi Evolution X” maşynyny sowgat berendigi hakynda habarlar çykdy we türkmen telewideniýesi bu sport maşynynyň prezident tarapyndan Mary-Türkmenabat ýolunda synag edilişini görkezdi.

Emma bu habar soň türkmen prezidentiniň iş dolandygyjysy Ýusup Işangulyýewiň işden boşadylmagy, “Bouygues” kompaniýasynyň ornuna Polimeksiň” gelmegi bilen ýatdan çykyşdy.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Aşgabatda täze Maslahatlar merkezi we Kabul ediş merkezi açyldy
Aşgabatda Kabul ediş merkezi we Maslahatlar merkezi açyldy
Bitarap Türkmenistan döredijiligiň we parahatçylygyň ýurdudyr
Berdimuhamedow öz doglan gününde “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyşyna gatnaşdy
Berdimuhamedow Aşgabatda gurlan Arkadag myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Aşgabatda Arkadag myhmanhanasy açyldy