Berdinazar Hudaýnazarowyň 95 ýyllygy mynasybetli

Berdinazar Hudaýnazarowyň 95 ýyllygy mynasybetli

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy Türkmen halkynyň söýgüli şahyry “Berdinazar Hudaýnazarowyň 95 ýyllygy mynasybetli” gürrüňdeşlik çäresini geçirdi. Çärede Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň iki gezek eýesi Berdinazar Hudaýnazarowyň tüýs türkmen häsiýetli edebi döredijiliginiň binýadynda ynsany ykrar edýän ynsap ygtykaty bar.

Halkyň söýgüsine mynasyp bolan Berdinazar Hudaýnazarowyň Garagum sährasynyň gözelligini, öz dogduk mekany bolan Ýerbendiň täsin tebigatyny açýan özboluşly şygyrlary-da ussat şahyryň ynsap diýen baş gönezliginden gözbaş alyp, türkmen tebigatynyň häsiýetini, şähdaçyklygyny, şahandazlygyny, ruhubelentligini, durmuş hakdaky agras oýlanmalaryny, döredijilikli, kämil garaýyşlaryny, mukaddes topragyna bolan çäksiz söýgüni hem buýsanjy, tebigat bilen ynsanyň edebi sazlaşygyny dünýäniň öňünde açyp görkezýändigi şeýle-de şahyryň şygyrlarynda türkmeniň gadymdan gelýän myhmansöýerligi, gadyrdanlygy dünýäde ynsany beýgeltmegiň ajaýyp nusgasy bolup durýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda halkyna bagtyýar durmuşy bagyş eden Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Şagulyýewanyň 85 ýyllyk ýubileýi edebiýatda dörän 35 ýyllyk boşluga ünsi çekdi
Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiligine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi
Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdepleri işini öňki tertip boýunça dikelder, Aşgabatda täze onkologiýa, stomatologiýa we pediatriýa merkezleri gurlar, türkmen uçurymlaryna ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin kanuny taýdan harby gullukdan möhlet berl
'El çarpylýan goşgularyň' uzaga çeken meşhurlygynyň açylmadyk syry
Türkmenleriň Baş kanunda kepillendirilen döredijilik erkinligine näme boldy?
ÝOJ-lara girýänlerden saglyk resminamasyny Arkadagyň keselhanasyndan getirmek soralýar