Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiligine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi

Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiligine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde XX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri — şahyr, ýazyjy hem-de publisist Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiligine, onuň eserleriniň ylmy taýdan öwrenilişine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri hem-de Magtymguly adyndaky TDU-nyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Uniwersitetiň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň guramagynda geçirilen döredijilik çäresinde şahyryň goşgularynyň öwrenilişi, eserlerde türkmen milliliginiň, watansöýüjiligiň, ynsaplylyk, sahylyk, jomartlyk, ynsanperwerlik ýaly asylly häsiýetleriň ündew edilişi bilen baglanyşykly täsirli pikirler beýan edildi. Şeýle-de onuň dowamynda professor-mugallymlaryň, şahyryň döredijiligi bilen içgin gyzyklanýan talyp ýaşlaryň çykyşlary bilen birlikde ýokary okuw mekdebiň Bagtyýarlyk owazlary medeni merkeziniň aýdymçy-sazanda talyp ýaşlary tarapyndan täsirli aýdymlar ýerine ýetirildi.

Türkmen halkynyň asylly häsiýetlerini, türkmençilige mahsus däp-dessurlary eserlerinde çuňňur beýan eden şahyr, ýazyjy B.Hudaýnazarowyň doglan gününe şu ýyl 95 ýyl bolýar.

Ýene degişli makalalar

Berdinazar Hudaýnazarowyň 95 ýyllygy mynasybetli
Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdepleri işini öňki tertip boýunça dikelder, Aşgabatda täze onkologiýa, stomatologiýa we pediatriýa merkezleri gurlar, türkmen uçurymlaryna ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin kanuny taýdan harby gullukdan möhlet berl
'El çarpylýan goşgularyň' uzaga çeken meşhurlygynyň açylmadyk syry
Türkmenleriň Baş kanunda kepillendirilen döredijilik erkinligine näme boldy?
Şagulyýewanyň 85 ýyllyk ýubileýi edebiýatda dörän 35 ýyllyk boşluga ünsi çekdi
ÝOJ-lara girýänlerden saglyk resminamasyny Arkadagyň keselhanasyndan getirmek soralýar