Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşleri ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda eziz diýarymyzyň her bir güni ajaýyp üstünliklere beslenýändigi, şeýle hem Watanymyzyň ösüşleri halkymyzyň bagtyýar geljegi üçin şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşleri barada gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.
Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
