Berkarar döwletimiziň rowaçly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, şäherleriň we obalaryň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, sebitlerde köp sanly medeni-durmuş, senagat, ulag-aragatnaşyk maksatly desgalar we beýleki binalar gurulýar.

Ata Watanymyzyň iň alysdaky künjeklerinde hem täze durmuş kemala gelýär.Muňa ýurdumyzyň günbatar sebitindäki Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda “Arkaç” geňeşliginiň çäginde gurlan täze, döwrebap Rowaç atly oba hem aýdyňlyk bilen şaýatlyk edýär.Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow bu döwrebap obanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze obanyň gurulmagy “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir ähmiýetli ädim boldy.Mälim bolşy ýaly, şu maksatnamanyň çäklerinde sebitlerde döwrebap durmuş-ykdysady düzümi kemala getirmäge iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Şol düzüm bolsa türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşy, döredijilikli zähmeti üçin has amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.Balkan welaýatynyň çäklerinde gurlan täze obada üç we dört otagly kaşaň jaýlaryň jemi 268-si guruldy.

Täze jaýlara göçüp baran bagtyýar maşgalalar dabara gatnaşan myhmanlary duz-çörek bilen garşyladylar.Jaýlaryň gurluşygynda oba durmuşynyň aýratynlyklary hem-de türkmen maşgalasynyň ýaşaýyş-durmuşynyň özboluşly däpleri göz öňünde tutuldy.

Bu ýerde mellek ýerleri, mal saklamak üçin ýataklar, bassyrma hem bar.Bir söz bilen aýdylanda, ýaşamak üçin ähli şertler döredildi.Eýwan, giň we ýagty otaglar, enjamlaşdyrylan aşhana, garaž hem-de beýleki zerur inžener-tehniki ulgamlar göz öňünde tutuldy.Bu ýerde gurlan, iň täze ýöriteleşdirilen enjamlar bilen üpjün edilen Saglyk öýi, körpeleriň 160-syna niýetlenen çagalar bagy, gapylaryny giňden açan, 320 okuwça niýetlenen mekdep oba ilatynyň buýsanjyna öwrüldi.Mundan başga-da, täze obanyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp Medeniýet öýi, söwda merkezi, Hyzmatlar öýi, Geňeşligiň binasy, 360 belgä niýetlenen awtomat-telefon beketli aragatnaşyk bölümi, azyk harytlary dükany, güýjenmesi 35 KWt bolan elektrik podstansiýasy, kuwwaty gije-gündizde 1000 kub metr suwa barabar bolan suw arassalaýjy desga guruldy. Şeýle hem obada metjit bina edildi.Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde bilim, saglygy goraýyş, ilatyň iş bilen meşgullanmagy, boş wagtyny medeniýetli geçirmegi, aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşlerine elýeterliligiň üpjün edilmegi babatda adamlaryň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamagy üçin hemme şertler döredildi.Türkmenistanlylary has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen şu ýylyň dowamynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniňGökdepe etrabynyň çäginde ýokary depginde gurulýan täze şäheriň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň golaýynda täze nusgadaky durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi bellärliklidir.

Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç hem-de Kerki etraplarynda, Mary welaýatynyň Türkmengala, Sakarçäge we Wekilbazar etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleriň düýbi tutuldy.Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly desgalaryň iri toplumy gurlar. Şolaryň ählisi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, obada ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şäherdäki ýaly, ähli durmuş amatlyklaryny döretmek işinde esasy görkezijileriň aýdyň mysalydyr.***Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň günorta-gündogaryndaky Parahat7/3 ýaşaýyş toplumynda köp gatly jaýlaryň dördüsiniň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy.Köp gatly jaýlaryň dördüsinden üçüsiniň her biri 54 hojalyga hem-de biri 108 hojalyga niýetlenendir. Şeýlelikde, Täze ýylyň bosagasynda Aşgabatda maşgalalaryň 270-si oňaýly öýleriň açarlaryny aldylar. Şol öýler otaglarynyň ýerleşişiniň amatlylygy, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen aşhanalary bilen tapawutlanýar. Şeýle hem bu ýerde kömekçi otaglar we beýlekiler göz öňünde tutuldy. Öýleriň bezeglerinde döwrebap gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanyldy.

Muňa hormatly Prezidentimiz aýratyn üns berýär.Täze jaýlary guran potratçylar onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy barada hem alada etdiler.Bu ýerde degişli durmuş düzümleri döredildi, ulag ýoly, yşyklandyryş ulgamy çekildi, baglar we güller ekildi.Dabaranyň dowamynda iň oňat gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Paýtagtymyzyň häkimliginiň ýolbaşçylary öý eýelerini gutlap, hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryny gowşurdylar.Jaýlaryň öňündäki meýdançada gurnalan owadan Täze ýyl arçasynyň ýanynda sazly, şowhunly, tansly çykyşlar ýaýbaňlandyrylyp, Täze ýyla, bagtyýar döwrümize hem-de halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli işleri amala aşyrýan milli Liderimize bagyşlanan aýdymlar we şygyrlar ýaňlandy.Parahat7/3 ýaşaýyş toplumynyň täze desgalarynyň ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň — döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň dabaralanýan döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolsa halkymyzyň mynasyp durmuşy üçin hemme şertleriň döredilmegi bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi
Aşgabadyň köp gatly ýaşaýyş jaýynyň üçeginde ýangyn döredi. Wideo
Welaýatlardan Ahala gelen işçiler agyr şertlerde işlemäge, kanalyň bulanyk suwundan içmäge mejbur bolýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
10.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika