BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ZENANLARY

BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR ZENANLARY

Şu günler Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň Daýanç sagaldyş merkezinde ýurdumyzyň öňdebaryjy zenanlarynyň gatnaşmagynda okuw-maslahaty geçirilýär.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işini kämilleşdirmek, ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak maksady bilen guralan okuw maslahaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýollarynda türkmen zenanlarynyň maksatly işleri rowaçlanýar diýlip atlandyryldy.

Maslahatda çykyşlara giň orun berlip, olarda Zenanlar birleşiginiň ýurdumyzyň dürli edara-kärhanalarynda hereket edýän ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary we işjeň agzalary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýerine ýetiren işleri, zenanlary milli ruhda terbiýelemek, döwrüň gazanan üstünliklerinde zenanlaryň hyzmatyny ýokarlandyrmak maksady bilen öňde durýan wezipeler dogrusynda täsirli söhbetdeşlikler, hasabatlar diňlenildi.

Öňdebaryjy, işewür zenanlaryň hatarynda Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda, orta, ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde zähmet çekýän zenanlaryň bolmagy has-da buýsançly ýagdaýdyr.

Ýene degişli makalalar

Gymmaty egsilmejek kitap
Kitap ruhy hazyna
Magtymguly Pyragy - türkmeniň milli şahyry
Magtymguly Pyragy - berkararlyk şygary
Magtymguly dilleriniň senasy, Garaşsyz döwletim - Türkmen binasy
Magtymguly Pyragynyň mirasynda tebigatyň waspy
SÖHBETDEŞLIK