Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Miras teleýaýlymynyň Edebiýat dünýäsinde gepleşiginde berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş şahyrlaryň döredijiligi hakynda söhbetdeşlik ýazgy edildi.Söhbetdeşlikde çykyş edenler bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň toý-baýramlaryndan, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin edýän atalyk aladalaryndan ruhlanyp, joşup ýazýan goşgularyndan okap berdiler we özlerine döredilip berilýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
