Beýik Britaniýada Şa zenany II Ýelizawetanyň ýadygärligine bagyşlanyp hormatly dymyşlyk edildi

Beýik Britaniýada Şa zenany II Ýelizawetanyň ýadygärligine bagyşlanyp hormatly dymyşlyk edildi

96 ýaşynda ýogalan Şa zenany II Ýelizawetanyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp düýn Türkiýäniň wagty bilen sagat 22:00-da 1 minutlyk hormatly dymyşlyk edildi.

Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Liz Trass we ýoldaşy Hýu Oliri Şa zenany II Ýelizawetanyň ýaşaýyş-durmuşyny we mirasyny pikir etmek maksady bilen geçirilen hormatly dymyşlyga Premýer ministrligiň ýeri bolan 10 belgeli ofisiň öňünde gatnaşdylar.

Şa zenany II Ýelizaweta 8-nji sentýabrda tomusky dynç alyşyny geçirýän Şotlandiýanyň Aberdinşir sebitindäki Balmoral galasynda aradan çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýanyň Şasy Fransiýa we Germaniýa sapar gurar
Türkmenistan EKSPO “Ýüpek ýoly” sergisine gatnaşmaga çagyryldy, Arkadag şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan gozgalmaýan emläk satyn almaga karzlary bermegiň Tertibi tassyklandy we beýleki habarlar
Türkmen wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Britaniýa sapary
Puldaky Şa zenanyň şekilini çalyşmak üçin iki ýyl gerek bolar
Türkmenistanyň Prezidenti şa zenany Ýelizaweta II-iň aradan çykmagyna gynanç bildirdi