Türkmenistan EKSPO “Ýüpek ýoly” sergisine gatnaşmaga çagyryldy, Arkadag şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan gozgalmaýan emläk satyn almaga karzlary bermegiň Tertibi tassyklandy we beýleki habarlar

Türkmenistan EKSPO “Ýüpek ýoly” sergisine gatnaşmaga çagyryldy, Arkadag şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan gozgalmaýan emläk satyn almaga karzlary bermegiň Tertibi tassyklandy we beýleki habarlar

Türkmenistan

1. Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlaryndaky gatnawlary 2023-nji ýylyň 8-nji awgustyndan 28-nji oktýabry aralygynda togtadylýandygyny habar berdi. Awiakompaniýa şol tertip boýunça Moskwanyň ýerine Kazan şäherine uçar. Moskwa uçmak üçin petek satyn alan ýolagçylar olary ýa Kazana uçuşlar üçin üýtgedip bilerler ýa-da pullaryny yzyna gaýtaryp bilerler.

2. Türkmenistanyň Merkezi banky ýurduň raýatlaryna Arkadag akylly şäherde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri gozgalmaýan emläk hökmünde girewe goýup, satyn almaga karzlary bermegiň Tertibini tassyklady. minjust.gov.tm web-sahypasynda ýerleşdirilen resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin karz 30 ýyl möhlete ýyllyk 1% derejesinde hem-de 5 ýyla çenli ýeňillikli döwür bilen berilýär.

3.Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Gansu welaýat komitetiniň başlygy Çžan Ýunsýa bilen duşuşdy.Duşuşykda türkmen-hytaý hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar boýunça, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamda ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Çžan Ýunsýa Türkmenistany şu ýylyň 6 — 8-nji sentýabr aralygynda Gansu welaýatynyň Dunhuang şäherinde geçiriljek EKSPO Ýüpek ýoly altynjy halkara medeni sergisine gatnaşmaga çagyrdy.

4. Germaniýada 74-nji halkara ýaş ýerine ýetirijiler festiwalyna gatnaşýan Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky kamera orkestriniň gezelenç çykyşlary uly üstünlik bilen geçirilýär. Türkmen konsertleri Garagumyň şemallarynyň sazy ady bilen geçirilýär. Türkmen artistleri Germaniýada bolmaklarynyň çäginde birnäçe konsert bererler, olaryň her biri daşary ýurtly saz söýüjilere Türkmenistanyň aýdym-saz medeniýetini açar, ýurduň özboluşly däp-dessurlary we adatlary bilen tanyşdyrar.

5. Meşhur liwanly baş aşpez Aber El Sagir TikTok sahypasynda türkmen milli tagamy bolan dogramany nädip özbaşdak taýýarlandygyny görkezdi. Liwanly 24 ýaşly ýyldyz dürli halklaryň tagamlaryny taýýarlap, olaryň wideosyny Tik-Tok-da paýlaşýandygy bilen tanalýar.

Dünýäde

6. 2029-njy ýylda täzelenen dizaýny bolan täze ýewro banknotlary dolanyşyga giriziler. Ýewropanyň Merkezi banky täzelenen banknot dizaýny üçin mowzuklary köpçülige ýetirdi. Mümkin bolan mowzuklaryň sanawyna Ýanewropadaky derýalarynyň, sebitde ýaşaýan guşlaryň şekilleri, Ýewropanyň meşhur medeniýet işgärleriniň portretleri, meşhur suratlar ýa-da binagärlik desgalary girizildi. Ýewropa ýurtlarynyň ýaşaýjylary göwnünden turan nusgalara 31-nji awgusta çenli ses berip bilerler.

7.Toyota kompaniýasy täze döredilen (startap) Pony.ai kärhanasy bilen bilelikde sürüjisiz taksi awtoulaglarynyň köpçülikleýin önümçiligine girişlerler. Önümçilige başlamak taslamasy bir ýylyň içinde durmuşa geçiriler we oňa, takmynan, 140 million dollar maýa goýlar.

Häzirki wagtda Toyota we Lexus kompaniýalarynyň binýadynda döredilen iki ýüz sany robot-taksi Hytaýyň ýollarynda synagdan geçirilýär. Ýakyn wagtda sürüjisiz taksileri köpçülikleýin sarp ediş üçin elýeterli etmek meýilleşdirilýär.

Sport habarlary

8. Mir HTRK-niň döredijilik topary görnükli türkmen agyr atletikaçysy Altymyrat Orazdurdyýew hakynda dokumental film düşürmek üçin Türkmenistana geldi. Film halkara arenasynda uly üstünlik gazanan we ýurduna şöhrat getiren türgeniň durmuşy we karýerasy barada gürrüň berer. Altymyrat Orazdurdyýew agyr atletika boýunça at gazanan sport ussady, üç gezek dünýäniň we Ýewropanyň çempiony, Aziýanyň we Aziýa oýunlarynyň çempionydyr.

9. Arkadag topary Bolgariýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda Ysraýylyň Bneý Sahnin ýaşlar toparyna garşy dostluk duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk Arkadag akylly şäheriň toparynyň 2:0 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Ýeňijileriň düzüminde ýarymgoragçy Orazberdi Myradow we hüjümçi Didar Durdyýew pökgini tora girizmegi başardylar.

10. Ýulduz Jumabaýewa GDA ýurtlarynyň oýunlarynda 49 kilograma çenli agram derejesinde ikinji orny eýelemek bilen, bu oýunlarda Türkmenistanyň taryhyndaky ilkinji medaly gazandy. Jumabaýewa iki şertiň netijeleri boýunça 161 kg agram göterip, russiýaly türgeni Ýelizaweta Žatkinadan 10 kilogram yza galdy. Wýetnamly türgen Thi Ngok An Do iki şertiň netijeleri boýunça 148 kg netije görkezip, münberiň üçünji ornuny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandan iki muzeýiň gymmatlyklary Hytaýda görkeziler
Türkmenistan Hytaýda geçiriljek Ýüpek ýoly halkara medeni sergisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar
Hytaý Türkmenistany Ýüpek ýoly halkara medeni sergisine çagyrdy
Türkmen wekiliýeti Bütindünýä Söwda Guramasynyň baş direktory bilen gepleşik geçirdi
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ (BSG) ÝOLBAŞÇYLYGY BILEN GEÇIREN DUŞUŞYKLARY BARADA MAGLUMAT
Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly geçiriler