Türkmen wekiliýeti Bütindünýä Söwda Guramasynyň baş direktory bilen gepleşik geçirdi

Türkmen wekiliýeti Bütindünýä Söwda Guramasynyň baş direktory bilen gepleşik geçirdi

15-nji martda Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň baş direktory doktor Ngozi Okonjo-Iwealanyň we BSG-niň baş direktorynyň orunbasary jenap Sýançen Çžanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulmagy bilen bagly hereketlere girişmek ugrunda Türkmenistanyň Hökümetiniň agza döwletler we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen işleşmäge taýýardygyny belledi hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň BSG-niň doly hukukly agzasy bolmaga berk ygrarly bolup durýandygyny tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň bu iri we abraýly halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi barada bellenilip, onuň ýurduň durnukly ykdysady ösüşine mundan beýläk-de kuwwatly goşant goşjakdygyna ynam bildirildi.

BSG-niň baş direktory Türkmenistanyň Hökümetiniň görkezýän tagallalaryna ýokary baha berilýändigini, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasyna oňyn garalýandygyny nygtady.

Taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasyndaky özara hereketleriň meýilnamalarynyň çäklerinde alnyp barylýan işlerde ösüş gazanyljakdygyna ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNYŇ (BSG) ÝOLBAŞÇYLYGY BILEN GEÇIREN DUŞUŞYKLARY BARADA MAGLUMAT
Türkmenistan EKSPO “Ýüpek ýoly” sergisine gatnaşmaga çagyryldy, Arkadag şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan gozgalmaýan emläk satyn almaga karzlary bermegiň Tertibi tassyklandy we beýleki habarlar
Türkmenistan parahatçylyk döredijilik strategiýasyny öňe sürýär
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygyndaky çykyşy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň HHR-e iş sapary tamamlandy
Hytaýly komonawtlar Ýeriň orbitasynda bardylar