“Beýik Getsbi” romanynyň seýrek nusgasy satylar

“Rolling Stones” aýdym-saz toparynyň deprekçisi Çarli Uottsyň kitaphanasy ýakyn günlerde “Christie’s” auksionyna çykarylar. Onuň kitaplarynyň arasynda meşhur amerikan ýazyjysy Frensis Skott Fisjeraldyň (1896-1940) “Beýik Getsbi” romanynyň seýrek nusgasy hem bar diýip, “Gazeta.ru” ýazýar.

“Christie’s” söwda-satyk öýi tarapyndan auksiona çykaryljak kitaplaryň arasynda iň gymmatlysy ýazyjy F.Skott Fisjeraldyň goly goýlan “Beýik Getsbi” romanynyň ilkinji çap edilen nusgasydyr. Oňa 200-300 müň ýewro möçberinde baha kesmek meýilleşdirilýär. Ýazyjy bu kitabyny MGM kinostudiýasynyň ssenariçisi Garold Goldmana gol çekip sowgat beripdir.

Toplumda şeýle-de Agata Kristiniň, Jeýms Joýsuň kitaplarynyň ilkinji neşirleri bar.

Merhum sazanda Çarli Uottsyň terjimehalynyň awtory Pol Sekston deprekçiniň bu kitaplary okamakdan egsilmez ruhy lezzet alandygyny, edebiýaty öz ömrüniň aýrylmaz hemrasy hasaplandygyny gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Fisjeraldyň gol çeken Beýik Getsbi romanynyň seýrek nusgasy satylar
Çarli Çapliniň gyzy Jozefina aradan çykdy
26-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Täze film
Nakgaş Aleksandr Kaşirskiý: geçmişe syýahat
Haýsy eliňde ýazýarsyň?!