Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýyly sungatymyzyň we medeniýetimiziň bedew bady bilen öňe barýan ýyllarynyň birine öwrülýär.Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň aýdym-saz toparlary hem özleriniň ajaýyp eserlerden düzülen konsertleri bilen ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinde, dürli künjeklerde çykyş edýärler. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” orkestri 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda Köpetdag etrap häkimliginde, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölüminde baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler.
Bu çäre Watan goragçylarynyň ýadygärligini hormat bilen ýatlamaga gelen tomaşaçylardan, talyp ýaşlardan, halypa mugallymlardan, myhmanlardan doly boldy.Konsertde mekdebiň mugallymy Amangeldi Hudagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” orkestriniň ýerine ýetirmeginde uruş ýyllarynyň hemmelere tanyş bolan aýdymdyr sazlary bilen deň hatarda, türkmen kompozitorlarynyň hem eserleri ýaňlandy. Ýüreklerde galan türkmen kompozitorlaryň R.Rejebowyň “Ýalňyz ýoda”, N.Halmämmedowyň “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok”, “Duran ýerleri, D.Hydyrowyň “Özgeleri diňledim”, A.Agajykowyň “Mirasdar”, B.Hudaýnazarowyň “Ene elleri” ýaly aýdymlar ýaňlandy.
Aýdymlary mekdebiň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň IV ýyl talyplary Y.Welhanow, A.Abdullaýewa we M.Muhammedow, şol bölümiň mugallymlary B.Çerkezow, M.Ataýew, I.Atahanow, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň I ýyl talyby R.Kakamyradow dagy ýerine ýetirdiler.
Konsertde “Estrada sungaty” bölüminiň talyplary R.Kamilow we A.Şaripow ýekelikde daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler.Saz gurallarynda öz ussatlyklaryny görkezdiler.Konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen Aleksandr Pahmutowyň “Поклонимся тем великим годам”, Dawid Tuhmanowyň “День Победы” ýaly aýdymlar köpmilletli ýeňiji halkyň gahrymançylygynyň ebedi nyşanyna öwrüldi.
Konsert tomaşaçylaryň bir agyzdan ýerine ýetirmeginde ýeňiş aýdymy bilen tamamlanyp, gyzgyn el çarpyşmalar uzak wagtlap dowam etdi.Bägül AÝDOGDYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy
