Beýik Ýüpek ýoly geçmişden geljege uzaýan ýol

Adamzat jemgyýeti hiç wagt aragatnaşyksyz bolmandyr. Urug-taýpalaryň, halklaryň, olary ykdysady we syýasy taýdan birleşdiren ýurtlaryň arasynda hemişe aragatnaşyk bolupdyr. Taryha nazar aýlasak, bürünç zamanyndan başlap, käbir ýurtlarda ondan hem ep-esli ozal söwda aragatnaşygyň peýda bolandygyny barada maglumatlar bar.

Uzak Gündogardan gözbaş alyp, Günbatarda Ortaýer deňzine çenli uzap gidýän Beýik Ýüpek ýoly hem ähmiýetli söwda ýollarynyň biri bolup, Türkmenistanyň çägindäki birnäçe şäherleriň, galalaryň, kerwensaraýlaryň üstünden geçipdir.

Bu bolsa türkmen topragynda ýerleşen şäherleriň ählitaraplaýyn gülläp ösmegine amatly şert döredipdir.Bütin dünýäde meşhur bolan Beýik Ýüpek ýoly adynyň gelip çykyşy barada Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly kitabynda gymmatly maglumatlary bermek bilen: Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetde we orta asyrlarda Hytaý bilen Alynky Aziýany, Ortaýer deňzini birleşdiren halkara ýolunyň hem-de içki kerwen ýollarynyň rowaýata öwrülen şertli adydyr.

Baryp orta asyrlarda wenesiýaly täjir, geograf, jahankeşde Marko Polo bu ýola Ýüpek ýoly diýen ady berýär diýip belleýär. Şol bir wagtyň özünde bu adalgany häzirki zaman sözlük düzümimize girizen şahsyýetiň nemes alymy, geolog, geograf we syýahatçy, geomorfologiýanyň esasyny goýan Ferdinand Paul Wilgelm fon Rihtgofendigini nygtaýar.

Iri şäherleriň üstünden geçen Beýik Ýüpek ýoly söwdanyň we senetçiligiň ösmegine ýardam beripdir.Taryhy çeşmelerde Merw, Sarahs, Nusaý söwda-satuw we pul dolanyşygyň ösen ýerleri hökmünde tanalýar.

Iri şäherlerde söwdanyň we senetçiligiň merkezi bolan bazarlarda dokma önümçiligi has giňden ýaýran görnüş bolupdyr.Dokma önümleri ýüňden, kendirden, pagtadan we ýüpekden dokalypdyr.Merwde, Abywertde, Nusaýda dokalan matalar bolçulygyň we aňrybaş hiliň nyşany hasaplanypdyr.

Dokma önümçiliginden başga-da bu şäherlerde küýzegärçilik, zergärçilik, çüýşe we deri önümçiligi giňden ýaýrap, bu önümlere hyrydarlar uly isleg bildiripdirler.Orta Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda hem-de medeni gatnaşyklarynyň ösmeginde Horezmiň merkezi şäheri bolan Ürgenç uly ähmiýete eýe bolupdyr.

Arap çeşmelerinde ýükli kerwenleriň Bolgariýadan Horezme we yzyna hemişe gatnaýandyklary baradaky maglumatlar bar.

Mundan başga-da gadymy Kerki şäheri Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynyň biri bolup, sebitiň esasy ulag-logistika merkezleriniň biri hasaplanýar.Bu şäheriň taryhy gadymy eýýamlara uzaýar.

Orta asyrlarda oňa Zemm diýlipdir.Bu ýerde halkara derejeli gara we demir ýollaryň, halkara howa menziliniň bolmagy şäheri ýurdumyzyň ykdysady taýdan çalt depginde ösýän ýerleriniň birine öwürýär.Kerkä gezelenç eden syýahatçylar birnäçe taryhy binalara hem-de desgalara syn edip bilýärler.

Şäheriň golaýynda XI-XIX asyrlara degişli bolan Astanababa ýadygärlikler toplumy we XI asyra degişli Alamberdar (Almutasir) mawzoleýi bilen hem ýakyndan tanşyp bilýärler. Bu binalar Beýik Seljuk imperiýasyna mahsus Gündogaryň binagärlik aýratynlyklaryna esaslanyp gurlupdyr. Bu taryhy ýadygärlikler Kerki döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň düzümine girýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň baý taryhyny öwrenmäge we ýaş nesle wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Bu günki gün Türkmenistan dürli ulag ýollarynyň sazlaşykly ösüşi bilen özüniň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky möhüm söwda merkezleriniň biri hökmündäki gadymy şöhratyny döwrebap görnüşde dikeldýär.

Näzli RUSTAMOWA,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde V Wena baly we Galkynyş türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde V Wena baly we türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi
Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy
Gelip men Hywadan ýörüp
Türkmenistanda Gülen hereketiniň tarapdarlarynyň tut-da-baslygy dowam etdirilýär