Beýik Ýüpek Ýoly Toyota awtoulaglarynyň eýeleri üçin giň gerimli aksiýa hödürleýär

Beýik Ýüpek Ýoly Toyota awtoulaglarynyň eýeleri üçin giň gerimli aksiýa hödürleýär

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dileri Beýik Ýüpek Ýoly kompaniýasy Toyota awtoulaglarynyň eýeleri üçin giň gerimli aksiýanyň başlandygyny habar berdi. 15-nji noýabrdan başlap, ýapon brendiniň eýeleri kompaniýanyň hyzmat ediş merkezinde mugt diagnostika geçmek we awtoulaglaryny ýuwdurmak boýunça ajaýyp mümkinçilik aldylar.

2025-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli dowam etjek aksiýa müşderilere kepillendirilen hyzmat ediş merkezinde awtoulagyň tehniki ýagdaýyny goşmaça çykdajysyz barlamaga mümkinçilik berýär. Ussat hünärmenler düýpli diagnoz barlagyny geçirerler we awtoulagyň ýokary derejede ýuwulmagyny üpjün ederler.

Aksiýa gatnaşmagyň möhüm şerti iş prosesini aňsat tertipleşdirmäge we nobatlardan gaça durmaga mümkinçilik berýän deslapky hasaba alyşdyr. Teklip diňe Toyota awtoulaglarynyň eýeleri üçin hereket edýär.

Diagnostika we awtoulagy ýuwmak mugt aksiýasyna şu telefon belgilerine jaň edip ýazylyp bilersiňiz: (+993 63) 84 92 38, (+993 12) 76 10 42. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Hyzmat ediş merkezi şu salgyda ýerleşýär: Hoja Ahmet Ýasawy köç., 39.

Ýene degişli makalalar

Terrorizme Garşy Göreş Egilşiksiz Dowam Edýär
Türkmenistan we Russiýa hyzmatdaşlyk hakynda 15 sany resminama gol çekdiler, Türkmenistan benziniň bahasy iň arzan döwletleriň içinde 10-luga girdi, Halk market ähli dükanlar zynjyrynda gök önümleriň we miweleriň bahasyny 15% çenli arzanlatdy
Türkmenistanda Uly Moskwa sirkiniň çykyşlary guralýar, Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi we beýleki habarlar
Azerbaýjanda Protest Aksiýalary Dowam Edýär
Terror Guramasý PKK/ÝPG-nyň Ýaranlarynyň Geçiren Aksiýasy Sebäpli Kazyýete Ýüz Tutuldy
Billstrýom PKK/ÝPG terrorçylarynyň Stokgolmda Geçiren Aksiýasyny Reaksiýa Bildirdi