BILDIRIŞ

BILDIRIŞ

Türkmenistanyň Döwlet sirki iýun aýynyň 9-na sagat 18:00-da Sizi sirk oýunlaryny görmäge çagyrýar. Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň şowhunly sahnalarynda dünýä belli Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň ahalteke bedewlerinde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleriniň, parahatçylygyň nyşany bolan ak Pawlin kepderileriniň, howa gimnastlarynyň, akrobatlaryň, türkmen alabaýlarynyň hem-de Arwana düýeleriniň çykyşlary, Hindistanyň şadyýan Makaka maýmynjyklarynyň, Afrikanyň täsin jandarlary bolan Burçello zebranyň we afrikan düýeguşunyň, jadygöýdir gözbagçylaryň, masgarabazlaryň gülküli oýunlarynyň, Ýedigen tans toparynyň tansçylaryň, Pudel güjüjikleriň sahnada ýerine ýetirýän çykyşlarynyň, ýüpde ýöreýän gyzjagazyň, žanglýorlaryň mundan başgada erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz.

Petek satyn almak üçin Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň kassasyna gelip bilersiňiz.

Kassanyň iş wagty: Sişenbe-Ýekşenbe günleri aralygy, sagat 10:00 18:00-a çenli.

Goşmaça maglumatlary resmi sahypamyzda görüp bilersiňiz: sirk.gov.tm

Habarlaşmak üçin: 36-10-95; 36-10-34;

Ýene degişli makalalar

BILDIRIŞ
BILDIRIŞ
Gazanyň Ilatynyň 40 Göterimi Açlyk Howpuna Sezewar
Ysraýylyň goşunynyň Gaza sektoryna garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýyl Gazadaky 5 brigadasyny yzyna çekmek barada karar kabul etdi
Ysraýylyň Gazada soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde ýene-de ençeme palestinaly ýogaldy