Ysraýyl Gazadaky 5 brigadasyny yzyna çekmek barada karar kabul etdi

Ysraýyl Gazadaky 5 brigadasyny yzyna çekmek barada karar kabul etdi

Ysraýylyň goşunynyň radiosynyň X sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Gaza sektoryndaky ýagdaýa we çaknyşyklaryň barşyna laýyklykda, Gazadaky gury ýer söweşinde söweşen 5 söweşjeň brigadany demobilizlemek barada karar kabul edildi" diýip habar berildi.

Beýanatda demobilizlenen brigadalaryň 551-nji goşmaça brigada, 14-nji brigada we 3 aýry tälim brigadalaryndan ybaratdygy mälim edildi.

Merkezi Ysraýylda ýerleşýän "Walla" habar saýty bilen Kanal 12 telewideniýe kanaly, 21-nji dekabrda Golani brigadasyna agza birikmeleriň uly ýitgiler çekmeginden soň Gaza sektoryndan dynç almak üçin yza çekilendigini habar beripdi.

Ysraýyl goşunynyň beren maglumatyna görä Gaza sektoryna garşy hüjümleriň başlan güni bolan 7-nji oktýabrdan bäri 172-si gury ýerden basyp alyşlyk tapgyrynda bolmak bilen jemi 506 ysraýylly esger öldürildi.

Hamasyň harby şahasy Kassam topary 7-nji oktýabrda "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjümler başladandygyny habar beripdi.

Ysraýyl oňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" atly operasiýa başladandygyny mälim edipdi.

Başdan geçirilýän dartgynlykda häzirki wagta çenli aglabasy çaga bolan 21 müň 800-den gowrak palestinaly ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Kassam topary Tel-Awiwe raketalar bilen hüjüm gurady
Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy
Ysraýyl Gazada ýaraşygyň düzgünini bozdy we iki palestinalyny öldürdi
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz, ABŞ-nyň wekili Tom Barragy Ankarada kabul etdi
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar