Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy

Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy

Ysraýyl, Gaza Sektorynda gury ýer hüjümleri sebäpli agyr ýitgi çekýär

Hamasyň Kassam atly ýaragly topary, soňky 10 günde Gaza Sektorynda Ysraýylyň harby goşunyna degişli 100 ulagy hatardan çykarandyklaryny mälim etdi.

Hatardan çykarlan harby ulaglaryň arasynda tanklar we buldozeper hem bar.

Hüjümler sebäpli ýokary çinli harbylar bilen birlikde ysraýylly köp sanly esgeriň ýogalandygy nygtaldy.

Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleri bilen Palestinaly toparlaryň arasynda güýçli çaknyşyklar bolýar.

Ysraýylly halk deputaty Amit Halewi, Ysraýylyň Kanal 14 teleýaýlymyna beren beýannamasynda, Kassamyň we Yslamy Jidahyň hüjümlerini dowam etdirýändiklerini aýtdy.

Ysraýylyň Goranmak ministriniň Kassama uly zeper ýetirendiklerini hakyndaky beýannamasynyň hakykaty beýan etmeýändigini aýdan halk deputaty Halewi, Ysraýylyň sebitiň gözegçiliginiň ele geçirip bilmändigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazadaky 5 brigadasyny yzyna çekmek barada karar kabul etdi
Kassam topary Tel-Awiwe raketalar bilen hüjüm gurady
Gazanyň Ilatynyň 40 Göterimi Açlyk Howpuna Sezewar
Ysraýylyň goşunynyň Gaza sektoryna garşy hüjümleri dowam edýär
Ysraýylyň Gazada soňky 24 sagatda guran hüjümlerinde ýene-de ençeme palestinaly ýogaldy
Gazada Ýogalan Palestinalylaryň Sany 21 Müň 978 Adama Ýetdi