Ysraýyl Gaza barýan “Global Sumud” flotiliýasyndan takmynan 40 gämini ele saldy

Ysraýyl Gaza barýan “Global Sumud” flotiliýasyndan takmynan 40 gämini ele saldy

Ysraýylyň metbugaty sişenbe güni Ysraýylyň harbylarynyň Gaza barýan “Global Sumud” flotiliýasynyň düzümindäki 50-den gowrak gäminiň takmynan 40-syny ele geçirendigini habar berdi.

Ysraýylyň "Walla" habar saýtynyň habaryna görä, goşun takmynan 300 aktiwisti hem tussag etdi. Neşire gürrüň beren ady aýan edilmedik howpsuzlyk çeşmesi bu maglumaty tassyklady.

Walla şeýle hem Ysraýylyň Harby-deňiz güýçleriniň entek flotiliýanyň düzümindäki ähli gämilerini saklamandygyny we käbir gaýyklaryň henizem deňizdedigini habar berdi.

Ysraýylyň goşuny duşenbe güni halkara suw giňişliginde ynsanperwer kömek flotiliýasyna hüjüm etdi. Bu waka halkara derejesinde giňden ýazgarylmaga sebäp boldy.

54 gaýykdan ybarat flotiliýa Gaza garşy 2007-nji ýyldan bäri dowam edýän Ysraýylyň bikanun blokadasyny bozmak maksady bilen penşenbe güni Türkiyäniň Marmaris etrabyndan ýola çykypdy.

Ýene degişli makalalar

“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
Belgiýada bomba howsalasy başdan geçirilýär
Çempionatyň üçden bir bölegi tamamlandy, ýöne entegem ýeňşi ýok
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
Belgiýa 3 dilli ýurda syýahat
Ysraýylyň Gazadaky tunellere deňiz suwuny guýmagy meýilleşdirýändigi öňe sürüldi