Çempionatyň üçden bir bölegi tamamlandy, ýöne entegem ýeňşi ýok

Ispaniýanyň çempionatynda edil Angliýadaky ýaly sanawyň lideri üýtgedi.Myhmançylykda “Kadiz” toparyny Rodrigo (2) we Bellingamyň gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňen “Real Madrid” 1-nji orna geçdi.

Bellingam “Real Madridde” ilkinji 15 oýunda 14 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. “Žirona” “Atletik”, “Raýo Wallekano” “Barselona” duşuşyklarynda ýeňiş gazanan bolman, 2 oýun hem 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. “Atletiko Madrid” Antuan Grizmannyň 64-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen “Malýorkany” ýeňlişe sezewar etdi.

Iň aşaky orunda barýan “Almeriýa” toparyna bu tapgyrda-da ýeňiş gazanmak başartmady. Üçden bir bölegi tamamlanan çempionatda 14 oýunda 3 gezek deňme-deň oýnan “Almeriýa” 11 duşuşykda utuldy. “La Ligada” bassyr 2-nji, umumylykda-da 8-nji möwsümini geçirýän topar oktýabryň başlaryna Gaizka Garitanony tälimçilige belläpdi.

Ýene degişli makalalar

“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
Soňky 6 oýunda 2-nji ýeňiş
Barselona 1-0, Real Madrid 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy
“Barselona” 10 oýunda 33 gol geçirdi
“La Ligada” öňdebaryjylar ýalňyşmady
Mbappe Ronaldonyň rekordyny gaýtalady