Barselona 1-0, Real Madrid 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy

Ispaniýanyň çempionaty La Ligada 18-nji tapgyrda sanawyň lideri Barselona öz meýdançasynda Hetafeni 1-0 hasabynda ýeňdi.Katalonlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 35-nji minutda Pedri öz adyna ýazdyrdy.

Umumylykda 11 duşuşykdan bäri ýeňilmän gelýän katalonlar çempionatda geçiren 17 duşuşygyň 13-sinde derwezesine gol goýbermedi.Barselona şu wagta çenli çempionatda diňe 6 gol geçirdip, bu babatda TOP5 çempionatda öňdeligi saklap gelýär.

Barselona iň golaý topar Nýukasl bolup, olar 11 gol geçirtdiler.

La Ligada soňky çempion Real Madrid myhmançylykda Atletik bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda madridliler Benzema (24) we Kroosyň (90) gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy.Sanawda 3-nji orunda barýan Real Sosiedad hem şeýle hasap bilen myhmançylykda Raýo Wallekanodan üstün çykdy.

Atetiko Madrid 10 minudyň dowamynda Morata (18), Grizmann (23) hem-de Hermosonyň (28) geçiren gollary bilen Walýadolidi 3-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çempionatda ýowuz günleri başdan geçirýän Sewilýa Rakitiçiň 88-nji minutdaky penaltiden geçiren goly esasynda Kadizi 1-0 ýeňdi.

Sewilýa soňky 3-nji duşuşygyndaky 2-nji, möwsümdäki 4-nji ýeňşini gazandy.

Ýene degişli makalalar

“Barselona” ýeňliş,“Real” ýeňiş bilen başlady
“Barselona” “Real Madridden” 3 utuk öňe saýlandy
Finalda “El Klasiko” däl, “Madrid” derbisi
PSŽ, “Bawariýa”, “Mançester Siti” säwliksiz barýar
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
Altyň biri aşaky liga düşer