“Barselona” “Real Madridden” 3 utuk öňe saýlandy

Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” soňky çempion “Real Madrid” myhmançylykda “Wilýarrealdan” 2-1 asgyn geldi.Gollaryň 3-si hem 2-nji ýarymda geçirilip, 47-nji minutda Pino ýer eýelerini öňe saýlady. 60-njy minutda Benzema penaltiden hasaby deňlese, 3 minutdan minutdan soň Moreno hem penaltini dürs urup, toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy.

Bu “Realyň” şu möwsümdäki 2-nji ýeňlişidir.

Tapgyryň merkezi oýnunda “Atletiko Madrid” öz meýdançasynda “Barselonany” kabul etdi. Çekelşikli we dartgynly geçen oýunda katalonlar 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Barselona” ýeňiş getiren ýeke-täk goly 22-nji minutda Usman Dembele geçirdi. Duşuşygyň ahyrlarynda “Atletikodan” Stefan Sawiç, “Barselonadan” Ferran Torres gyzyl kart aldy. Şunlukda, “Barselona” 2-nji ýerdäki “Real Madridden” 3 utuk öňe saýlandy.

“La Ligada” 16-njy tapgyrda “Real Sosiedad” myhmançylykda “Almeriýany” 2-0, “Betis” bolsa myhmançylykda “Raýo Wallekanony” 2-1 ýeňdi. Öz meýdançasynda “Hetafeni” 2-1 hasabynda ýeňen “Sewilýa” 6 tapgyrdan soň möwsümdäki 3-nji ýeňşini gazandy.

Ýene degişli makalalar

Barselona 1-0, Real Madrid 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
Žoao Feliks öňki toparyny gynandyrdy
Altyň biri aşaky liga düşer
“Real Madridmi” ýa-da “Barselona” “La Liganyň” täze möwsümi başlanýar
5 tapgyrdan soň ýeňiş gazandy