Bilelikde arza ýazan ene-atalara “Western Union” arkaly çagalaryna goşmaça pul geçirmgä mümkinçilik döredildi

“Türkmenistanyň Hronikasyna” belli bolmagyna görä, Daşoguzda “Western Union” arkaly pul geçirmäge girizilen çäklendirmlerden nägile bolup, bilelikde arza ýazan ene-atalara daşary ýutrlarda okaýan çagalaryna goşmaça serişde geçirmek mümkinçiligi döredildi.

Umumylykda alnanda, arza ýazan 12 adamyň hersine $300 geçirmäge rugsat berildi, ýagny ozalky rugsat edilýän $150-ä derek goşmaça, ýene şonça pul geçirmek mümkinçiligi berildi.

Ýanwaryň başynda birnäçe adam Daşoguzda “Western Union” arkaly geçirip bolýan puluň Türkmenistanyň beýleki welaýatlaryndaky bilen deňeşdirilende azdygyndan nägile bolup, şikýat bilen şäher häkimligine, prokuratura we MHM-ä bardylar. Emeldarlar başda arz edenlere “zyýankeşlik ýa töhmet” aýyplamasy tussag etmek haýbatyny atdylar, emma adamlar ýokardaky gurmalara ýazmaça arza bilen ýüz tutjakdyklaryny aýtdylar.

Regionyň beýleki ýaşaýjylary gürrüň edilýän çäkländirmelre henizem dowam edýär. Şol bir wagtda studentler barha kän maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Orsýetde okaýan studentleriň biri “Türkmenistanyň Hronikasy” bilen söhbetdeşlikde özüniň hiç bir pulunyň galmandygyny, student wizasy bilen bolsa işe ýerleşmegiň hem mümkin däldigini aýdyp zeýrendi.

“Ýanwaryň aýagyndan bäri ne men, ne-de meniň beýleki türkmenistanly tanyşlarym bank kartlaryndan pul alyp ýa okar arkaly hasaplaşyp bilýärler.Ene-atalarymyz eýýäm banka birnäçe gezek telefon etdiler, emma ol ýerde trubkany almaýarlar.

Ene-atalarymyz pullaryny “Western Union” arkaly iberjek bolýarlar, emma nobatlary fewralyň aýagynda ýetmeli we olara diňe 100$ ibermäge rugsat berdiler.men näme etjegimi bilemok, pulum gutardy, işe bolsa, wizam studentiňki bolansoň, almaýarlar” diýip, student gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurtda okuwyň gapdalyndan işlemäge mejbur galýan talyplar 'kemsitmelere sezewar bolýar'
Stambul: Türkmen raýaty Şamil Gurbandurdyýewe edilen hüjümden soň onuň pasporty uzaldyldy
Täze talap daşary ýurtlardaky türkmen studentleriniň ene-atalaryndan pul almak mümkinçiligini bökdeýär
Türkmenistan studentlere pul geçirmek bilen bagly ýene bir talaby güýje girizdi
'Western Union' hyzmatlary Türkmenistanda ýene çäklendirildi
Diňle: 'Western Union' hyzmatlary Türkmenistanda ýene çäklendirildi
Sungata söýginiň adamyň psihikasyna oňyn täsir edýändigi belli boldy