Bilim bermegiň döwrebap usullary

Bilim bermegiň döwrebap usullary

Paýtagtymyzdaky 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebinden söhbet

Ak ertirlerimiziň röwşenligi şu günki ýaş nesil hakdaky aladadan başlanýar.Muňa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda döwrebap çagalar baglarydyr orta we ýokary okuw mekdepleriniň, çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi aýdyň mysaldyr. Şolaryň biri-de, 2020-nji ýylyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde gözel paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesi bilen A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda ulanylmaga berlen 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebidir. Ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde okuwçylar gyşky dynç alyşdan soň, üçünji çärýege täze güýç bilen başladylar.

Ine, bu babatda gyzyklanyp, golaýda täze bilim toplumynda myhmançylykda bolduk.

Bilim toplumynyň müdiriniň mekdebe taýýarlaýyş bölümi boýunça orunbasary Ogulmaral Useýingulyýewa çagalar bilen alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi:

— Okuw toplumymyzda sapaklar ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň tassyklan okuw maksatnamasy esasynda alnyp barylýar.Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy esasynda hem işler ýola goýuldy.

Milli bilim institutynyň hünärmenleri bilen geçirilýän usuly-amaly maslahatlar terbiýeçi-mugallymlaryň işini täsirli guramaga, ýagny geçilýän sapaklar arkaly çagalaryň bilimini artdyrmaga ýardam edýär.

Mekdebe taýýarlaýyş bölüminde 16 topar bolup, çagalar ir ertirden sagat 18:00-a çenli wagtlaryny gyzykly geçirýärler.Rus, iňlis dillerinde sowat öwrediş, sözleýiş dili, ýönekeý matematika düşünjesi, aýdym-saz, daşky gurşaw barada, surat çekmek ýaly sapaklar körpeleriň düşünjelerini artdyrýar.

Sapaklaryň arasynda hereketli oýunlar, ýagny aýdym-saz, sport ýaryşlary ýaly çäreler geçilýär.Mart aýynda ýarym ýylyň dowamynda geçilen sapaklar bilen baglanyşykly barlagnamalar geçiriler. Şonda alnyp barlan işleriň netijesi hem kesgitlener. Şeýle-de körpeler bilen terbiýeçilik-okuw mekdebinde dürli ugurlar boýunça bäsleşik geçirmegi-de meýilleşdirýäris. Ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, bilimli bolup ýetişmekleri ugrunda alada edýän Gahryman Arkadagymyza bimöçber alkyş aýdýarys.

Mekdebe taýýarlaýyş toparynda terbiýelenýän körpeleriň wagtlaryny täsirli geçirmekde terbiýeçi-mugallymlardan Aýna Altyýewa, Oksana Kalinina, Walida Hoşzabana, Arzygül Babaýewa, Nurşat Bäşimowa, Oguldursun Serdarowa, Gülbahar Akgaýewa, Gülkamar Soltanowa dagynyň zähmetiniň uludygyny belläsimiz gelýär.

Biz olaryň körpeler bilen geçýän sapaklarynyň käbirine gatnaşanymyzda, eýjejik balalaryň çaga kalbyndan joşup çykýan türkmen, rus, iňlis dillerinde Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işlerini wasp edip aýdan goşgudyr aýdymlaryny diňlemek, çeken suratlaryny hem-de dürli maşklary ýerine ýetirýän pursatlaryny synlamak ýakymly boldy.

Soňra biz döwrebap bilim toplumynyň terbiýeçilik-okuw mekdebine bardyk.Bu ýerde saglyk bilen baglanyşykly ýörite düzgüne laýyklykda, degişli zyýansyzlandyryjy çäreleri geçirmek, sanitariýa kadalaryny berk berjaý etmek, irden okuwa gelenlerinde okuwçylaryň beden gyzgynlygyny ölçemek, zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmak ýokary derejede ýola goýlupdyr.

Okuwçylardyr bilim işgärleriniň agyz-burun örtüklerini hereket edýän kadalara laýyklykda ulanmagy, olaryň iki metrden az bolmadyk howpsuz aralygy saklamagyň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmegi hem üpjün edilýär.

Mekdebe gireniňden, owadan zallaryň diwarlaryndaky bilim bilen baglanyşykly ajaýyp jümleler bada-bat ünsüňi özüne çekýär.Okamaga, öwrenmäge ähli şertler döredilen arassa hem ýagty otaglarda milli egin-eşikdäki okuwçylaryň geçilýän sapagy doly özleşdirýändiklerini, mugallymyň berýän sowallaryna biri-birinden öň jogap berjek bolup, ellerini galdyrýan bagtyýar çagalary göreniňde, olara bolan buýsanjyň artýar.

Mekdepde bolanymyzda, birinji hem ýokary synpda okaýan okuwçylaryň, esasan-da, geografiýa, türkmen, iňlis, rus dilleri boýunça dersleri oňat bilýändigini we berlen sowallara kanagatlanarly jogap berip, ýumuşlary doly özleşdirýändiklerini görmek has ýakymly boldy. Şonuň ýaly-da, olar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda barha dabaralanýandygyny çaga kalbyndan buýsanç bilen beýan etdiler.

— Täze bilim ojagymyzda mekdep okuwçylarynyň döwrebap bilim we terbiýe almagy, iň häzirki zaman innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp, giň dünýägaraýyşly, akyl we beden taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilen. 720 okuwçy orunlyk mekdebi hem-de 320 çaga niýetlenen taýýarlaýyş toparyny öz içine alýan bilim ojagymyzda okuw derslerini we terbiýeçilik işlerini ýokary derejede geçirmek, çagalara daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmek üçin ähli şertler bar.

Bu işleriň ýurdumyzda ilkinji gezek döredilýän bilim bermegiň täze, milli görnüşde çuňlaşdyrylan umumybilim maksatnamasy boýunça alnyp barylýandygyny aýratyn nygtamak gerek.Bilim ojagymyza ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar gelip, okuwçylar bilen sapakdan daşary iş alyp barýarlar.

Çagalaryň daşary ýurt dilleriniň ýene-de ikisini öwrenmegini göz öňünde tutup, ol dilleri ýörite meýilnamamyza goşmagy maksat edinýäris. Şeýle-de sazçylyk, çeperçilik, sport, konstruktorçylyk ýaly dürli ugurda döredijilik işleri bilen gyzyklanýan okuwçylaryň bilimleri artdyrylýar.

Bu ajaýyp bilim ojagynda okamak, öwrenmek, zähmet çekmek okuwçylardyr mugallymlaryň jogapkärçiligini artdyrýar.Häzirki wagtda biziň esasy maksadymyz şu ýylyň sentýabr aýynda uludan toýlanyljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp sowgatly garşylamakdyr.

Ösüp gelýän ýaş nesliň dünýä derejesinde bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! — diýip, bilim toplumynyň müdiri Gurbangül Halmyradowa söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.

Sona DURDYÝEWA.

Türkmenistan. Surata düşüren Ýuriý ŞKURIN.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20399

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Ysmail Gaspyraly
" Rus Gämisini Hatardan Çykardyk"
Eýran bilen Mawritaniýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegine ünsi çekmek
Wereşçuk Düýn Çaknyşyk Zolaklaryndan 3,800 Adamyň Ewakuwasiýa Edilendigini Aýtdy
Russiýanyň Ukraina Hüjümleri Dowam Edýär