Bilim ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmak: halkara tejribesi we milli ýörelgeler

Makroyjdysady we maliýe durnuklylygyny saklamak, maýa goýum mümkinçiligni we milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygnyny ýokarlandyrmak, senagat önümçiliginiň diwersifikasiýasy we döwrebaplaşdyrylmagy, bazar gurallarynyň hem-de dolandyryşyň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy, netijeli markenig syýasaty Türkmenistanyň durmuş-ykdysady startegiýasynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Bu ugurlar boýunça wezipeler Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna girizilendir, onuň durmuşa geçirilmegi döwlet dolandyryş edaralarynyň häzirki ösüşiň şertlerine uýgunlaşmak zerurlygyny, döwlet gullukçylaryny okatmak we gaýtadan taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmegi şertlendirýär. Şu jähtden Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär.

Bilim ulgamynyň sanly ulgama geçirilmegi akademiýada sapak bermegiň hilini ýokarlandyrmaga, bilim işiniň usulýetini we maddy-tehniki binýadyny döwrebpalaşdyrmaga niýetlenendir.Bu ugurlarda Ösüş Maksatnamasy, BMG-nyň Ilat gaznasy we ÝeB bilen bilelikdäki taslamalaryň çäklerinde anyk işler durmuşa geçirildi.

Maglumatlar jemgyýeti kemala gelýän şertlerde döwlet dolandyryşynyň ösüşine seljerme we ykdysadyýyetde sanly özgertmelere intellektual goldaw bu işiň möhüm bölegidir.Akademiýanyň diňleýjileri we professor-mugallymlar düzümi üçin BMG-nyň Ilat gaznasynyň ýardam bermeginde halkara bilermen, Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň Ykdysadyýet institutynyň durmuş demografiýasy syýasaty bölümçesiniň müdiri Anastasiýa Bobrowanyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşygy arkaly iki günlük umumy sapaklar guraldy.

Sapaklar webinar internet arkaly maslahat görnüşinde geçirildi.Bilermen Ilaty hasaba almak we Elektron zähmet depderçeleri temalaryndan halkara tejribesi bilen tanyşdyrdy.Ilaty hasaba almagyň raýatlaryň hersi, şeýle hem daşary ýurt raýatlary we aýratyn alnan bir ýurtda hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlar barada maglumatlar binýadynyň esasynda merkezleşdirilen awtomatlaşdyrylan döwlet maglumatlar ulgamy görnüşinde döredilýändigi bellenildi.

Webinaryň ikinji böleginde elektron zähmet depderçesini resmileşdirmek boýunça innowasion çemeleşme bilen tanyşdyryldy, amatlylygy we işgäriň işi barada maglumatyň çalt elýeterli, nätakyk we nädogry maglumatlaryň aňryçäk derejede azalmagy onuň esasy artykmaçlyklarydyr.

Elektron görnüşli zähmet depderçesiniň resmileşdirilmegi uzak aralykdan işe girmäge mümkinçilik döredýär, iş berijileriň kagyz zähmet depderçelerini satyn almaga, olary ýöretmäge we saklamaga harajatlaryny azaldýar. Şahsy hasabyň maglumatlary esasynda pensiýany resmileşdirmek, döwlet hyzmatlaryny almak üçin elektron zähmet depderçesiniň maglumatlaryny ulanmak şahsyýetiň işi barada maglumatlary seljermäge we sistemalaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Onlaýn-umumy sapagyň jemleýji böleginde pikir alyşma geçirildi.Hususan-da, BMG-nyň Ilat gaznasynyň wekili Döwran Ýamatow statistika maglumatlaryny seljerme ulgamyndaky düşünjeleriň kanunlaýyklyklaryny ýüze çykarmakda, şeýle hem demografiýany çaklamakda we bu ugurda maslahatlary işläp taýýarlalamakda wajyplygyny nygtady.

Akademiýanyň uly mugallymy, ykdysadyýet ylymlarynyň kandidaty Ogultäç Söýünowa döwlet gullukçylarynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmakda we döwlet işini amatlaşdyrmakda maglumatlar tehnologiýalaryny ulanyp uzak aralykan okatmagyň artykmaçlyklaryna ünsi çekdi.Akademiýanyň 2-nji ýyl diňleýjisi Wepa Gutlyýew öz çykyşynda akademiýanyň geljekde döwrebaplaşdyrylmagynyň barşynda bu ýerde bilim alýanlaryň sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň döwrebap ugurlary, Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda MKT hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem maglumatlar howpsuzlygynyň hukuk taýdan üpjünçiliginiň meseleleri barada ulgamlaýyn düşünje alarlar -- diýip belledi.

Akademiýada BMG-nyň ÖM bilen bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde okuw dersleriniň onusyndan ybarat sanly dolandyryş boýunça synag okuw tapgyrynyň işlenilip taýýarlandygyny bellemek gerek.Ol elektron döwlet dolandyryşy meselelerinde bilimleriň derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Okuw tapgyrynda multimediýa we wideotehnologiýalary, neýrokompýuter, belli bir meselä gönükdirilen we internet tehnologiýalary, bilimleri dolandyryş tehnologiýalaryny ulanmak göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Eserlerde Garaşsyzlyk waspy
Belentden ýaňlanan owazlar
Jemgyýetiň agzybirligini we bitewüligini pugtalandyrmaga goşandy üçin zenanlarymyzyň birnäçesi Zenan kalby ordenine mynasyp boldy
12.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary