Bill Geýts emeli aňyň synjakdygyny çaklaýar

Bill Geýts emeli aňyň synjakdygyny çaklaýar

Milliarder, filantrop we Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýts geljekde emeli aň tehnologiýasyna synmagyň garaşýandygyny çaklaýar, onuň pikiriçe, emeli aň hatda iň ýönekeýje meseleleri hem çözüp bilmez.

Milliarderiň sözlerine görä, häzir neýroulgamyň ýeňil tabşyryklaryň hötdesinden gelýändigine garamazdan, oňa geljekde ýok bolmak garaşýar. Geýts bu barada Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen söhbetdeşlikde aýtdy diýip, India Today neşirine salgylanýan Gazeta.ru habar berýär.

Geýtsiň sözlerine görä, dünýä häzir EA (emeli aň) tehnologiýasy bilen ysnyşmagyň başlangyç tapgyrynda dur. Adamzada neýroulgam köp mümkinçiliklere eýe ýaly bolup görünýär, emma onuň bilen bagly birgiden meseleler hem ýok däl.

EA siziň kyn hasaplaýan işleriňizi bitirip biler, soňra ol şowsuzlyga duçar bolar, hatda aňsat saýýan meseleleriňizi-de çözüp bilmez diýip, Geýts nygtady.

EA-nyň ösüşiniň döredýän kynçylyklarynyň biri-de dipfeýklerdir. Bet pygylly adamlar dünýäniň täsirli adamlarynyň ýüz-keşplerini ulanmak arkaly wideogörnüşleri döredip, jemgyýete täsir edip bilerler.

Hindistanyň Hökümet başlygy Modi Bill Geýts bilen söhbetdeşlikde bu howpuň çözgüdi hökmünde EA tarapyndan döredilen kontentleri hökmany nyşanlamagy görkezdi diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Bill Geýts adamzada üç günlük iş hepdesini söz berdi
Bezos milliarderleriň sanawynda Arnodan öňe geçdi
Mask bilen Bezosyň maliýe emlägi ABŞ-nyň Maliýe ministrliginiň serişdelerinden köp
Bill Geýts ýakyn geljekde Google gözleýjisiniň ornunyň çalşyljakdygyny çaklady
“Microsoft” Gazagystanda köp sebitli merkez açar
Geýts Marsa uçmak boýunça tehnologiýalara maýa goýmagy dogry hasaplamaýar