Bilýard boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi

Bilýard boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Bilýard sport federasiýasynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramy mynasybetli, sportuň bilýard görnüşi boýunça ýurdumyzyň açyk çempionaty geçirildi ― diýip, Türkmenistan gazeti habar berýär.

Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen ýaryşlaryň netijesine laýyklykda, Türkmen milli nebit-gaz kompaniýasynyň logistik-marketing bölüminiň baş hünärmeni, sport ussady Ibabekir Bekdurdyýew birinji, Aşgabat şäheriniň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň çagalar bölüminiň surat mugallymy Begenç Jumagylyjow ikinji, ýurdumyzyň Bilýard sport federasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Batyr Aşyrow hem-de federasiýanyň türgeni Serdar Ilamanow dagy üçünji orna mynasyp bolmagy başardylar.

Ýeňiji bolan türgenlere ýaryşy guraýjylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Aşgabat şäheriniň 49-njy orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Begençmyrat Parçamow çempionata gatnaşan Iň ýaş türgen diýlip yglan edilip, Hormat haty we ýadygärlik sowgady bilen sylaglandy.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Talyplaryň arasynda bilýardyň Erkin piramida görnüşi boýunça ýaryş geçirildi
Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünlikleri
19.09.2017 | Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady
23.09.2017 | Türkmen topary V Aziýa oýunlarynda umumy sanawda öňdeligi eýeläp gelýärler