Bir raýatyň müň raýatlyk Wi-Fi’ kyssasy

Bir raýatyň müň raýatlyk Wi-Fi’ kyssasy

Türkmenistanyň bir sebitiniň ýaşaýjysy ençeme wagt bäri “Türkmentelekom” aragatnaşyk kompaniýasynyň üsti bilen öý üçin ADSL arkaly öýüne Internet birikdirmäge synanyşýar. Ýöne onuň bu synanyşyklary, onuň öz sözlerine görä, aragatnaşyk kompaniýasynyň haýallygy sebäpli, netije bermeýär.

Ahyrsoňy, ol özüniň Azatlyk Radiosyna ýüz tutup, sesini häkimiýetlere eşitdirmek kararyna gelendigini aýdýar.Azatlyk onuň ýagdaýyny içgin öwrenip, ýerli ýaşaýjynyň delil hökmünde hödürlän resminamalary bilen tanyş bolandan soň, jemgyýetçilik ähmiýetli bir meselä üns çekmek üçin bu problema boýunça habar berýär.

Ýöne Azatlyk howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ýerli ýaşaýjynyň şahsy maglumatlaryny, redaksiýa hödürlän resminamalaryny we onuň şahsyýetini ýüze çykaryp biläýjek islendik maglumaty, şol sanda onuň ýaşaýan ýerini aýan etmekden saklanýar.

Azatlyk Radiosy mundan ozal ençeme gezek Türkmenistanda raýatlaryň öýe Internet birikdirmekdäki kynçylyklary barada habar berdi.

Şeýle-de, ynsan hukuklaryny goraýjy halkara toparlaryň hasabatlarynda-da tassyk bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleriniň ilat üçin Interneti çäklendirmek tagallalaryndan çen tutulsa, raýatlaryň öýe Wi-Fi birikdirmek bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklarynyň gerimini göz öňüne getirmäge esas bar.

Ýerli ýaşaýjy öz ýaşaýan ýerinde ADSL ýa-da Ethernet tehnologiýasy usuly bilen öýe Internet birikdirmek üçin aragatnaşyk resmileriniň raýatlardan para soraýandygyny aýdýar. Ol bu ugurda “Türkmentelekom” kompaniýasynyň ýerli şahamçasyna birnäçe gezek ýüz tutupdyr. Ýöne onuň synanyşyklary, ýerli ýaşaýjynyň öz sözlerine görä, aragatnaşyk kompaniýasynyň haýallygy sebäpli, heniz hem oňyn netije bermeýär.

“Türkmentelekom” argatnaşyk kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, welaýatlarda we obalarda öý üçin ADSL ýa-da Ethernet tehnologiýasy arkaly Internete birikdirmegiň bahasy, Internetiň tizligine görä, 50-100 manat aralygynda üýtgeýär. Aşgabat şäher telefon ulgamynyň (AŞTU) maglumatlaryna görä, tizligi 256 kbit/sekuntdan 2 mbit/sekunda çenli öý üçin Internetiň bahasy 100-200 manat aralygynda üýtgeýär.

Wi-Fi arkaly Internete birikmäge dalaş edýän ýerli ýaşaýjynyň sözlerine görä, ol ýeke däl. Onuň tanyş-bilişleriniň arasynda şeýle kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan ençeme adamlar bar. Olar özlerine, ýa daşary ýurtlardaky okuwlaryny onlaýn dowam etdirmek üçin, ýa daşary ýurtlular bilen işleşmek üçin, ýa-da gazanç etmek maksady bilen öý üçin ýokary tizlikli Internetiň zerurdygyny aýdýarlar.

“Türkmentelekom” kompaniýasynyň Azatlyga mälim bolan resmi hatlaryndan görnüşine görä, kompaniýa öý üçin ýokary tizlikli Internete isleg bildirýän raýatlaryň soraglaryny kanagatlandyrýar, ýöne ýerli ýaşaýjy iş ýüzünde kompaniýanyň haýal hereket edýändigini aýdýar.

Bütindünýä bankynyň sanlaryna görä, 2017-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň tas 49 göterimine Internet elýeterli boldy.

ABŞ-nyň Täjirçilik departamentiniň Ilat ýazuwy býurosyna görä, häzir dünýäniň 7,5 milliard töweregi ilaty bar.

Bu sanlardan çen tutulsa, dünýäde tas 3,7 milliard töweregi adama Internet elýeterli boldy. Ýöne köplere görä, şol 3,7 milliard dünýä ilatynyň arasynda türkmen ilatynyň Internet elýeterliligi onçakly öwerlik däl. Hökümet ilat ýazuwynyň resmi netijelerini mälim etmeýär, şonuň üçin ýurtdaky Internet elýeterliliginiň resmi statistikalarynyň ygtybarlylygy sorag astynda.

Bütindünýä bankynyň 2017-nji ýylda çap eden hasabatyna görä, Türkmenistanyň ilatynyň 20 göterimden gowragyna Internet elýeterlidir. Halkara statistikalara görä, dünýädäki Internet ulanyjylarynyň aglaba köplügi esasan bütindünýä toruna akylly telefonlar arkaly birikýär.

Türkmenistanyň “Altyn Asyr” kärhanasy ilaty mobil Internet bilen üpjün edýär.

“GlobalStats” statistika neşirine görä, häzirki wagtda Türkmenistandaky akylly telefon ulanyjylarynyň tas 59 göterimi “Samsung” enjamlaryndan peýdalanýar, 23 göterimi “Xiaomi” ulanýar, telefon ulanyjylarynyň tas 8 göterimi “Apple” kompaniýasynyň enjamlaryny ulanýar, 4.5 göterimi “Huawei” enjamlaryny ulanýar. Türkmenistandaky telefon ulanyjylarynyň 2 göterimi ady halkara statistika neşirleri üçin näbelli akylly telefonlardan peýdalanýar, 0.1 göterim telefon ulanyjysy “Nokia” ulanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebapda Internetiň tizligi haýallap, mobil ulgamyň hili ýaramazlaşdy
Nokia-nyň täze planşeti
Annagül daýzanyň haýal Internet bilen duçar galan agyr synagy
Maryda “Altyn Asyr” arkaly jaň etmek, SMS ibermek, Internetden peýdalanmak kynlaşdy
Balkan Interneti çäklendirip, howpsuzlygy güýçlendirip, G.Berdimuhamedowyň saparyna taýýarlanýar
Mary: Internet üpjünçiligi bökdelýär
Gazagystana gidýän türkmenleriň köpelmegi bilen, howpsuzlyk gulluklarynyň syýahatçylara basyşlary artýar