Birleşen Arap Emirlikleri Owganystanyň prezidenti Aşraf Ganini kabul etdi.Bu baradaky beýannama Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň resmi sahypasynda 18-nji awgustda peýda boldy.
Bu barada “Fergana.ru” internet sahypasy habar berdi.
Maglumatda bellenişine görä, Aşraf Gani we onuň maşgalasy ynsanperwerlik sebäpli kabul edildi.
15-nji awgustda “Talyban hereketi” Kabulyň töweregini gabap alanda, Gani Owgan paýtagtyny terk edipdi.
Ilkibaşda KHS Ganiniň Duşenbä uçandygyny habar beripdi.Emma, Täjik häkimiýetleri bu habarlary ýalana çykarypdy. Soňra onuň Omana uçandygy ýazylypdy.The post Birleşen Arap Emirlikleri Aşraf Ganini we onuň maşgalasyny kabul etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.
