Birmeňzeş netijeler hasaba alyndy

Türkmenistanyň futbol boýunça 26-njy milli çempionatyna badalga berildi.Birinji tapgyrda geçirilen 2 duşuşygam 10 hasabynda tamamlandy.Açylyş duşuşygynda “Balkan” öz meýdançasynda “Aşgabat” toparyndan 10 hasabynda asgyn geldi.

Myhmanlara 3 utuk gazandyran ýeke-täk pökgini 54-nji minutda Azady Annadurdyýew derwezä ýollady. Şeýle-de “Şagadam” öz meýdançasynda Marynyň “Energetik” toparyndan Döwlet Baýramowyň 62-nji minutdaky goly bilen 10 hasabynda üstün çykdy. “Altyn asyr” bilen “Ahalyň” 1-nji tapgyrdaky duşuşyklary bolsa, ozal habar berlişi ýaly, aprel aýyna süýşürilipdi.Ikinji tapgyrda “Energetik”“Balkan”, “Merw”“Şagadam” hem-de “Köpetdag”“Aşgabat” duşuşyklary oýnalar. “Altyn asyr” bilen “Ahalyň” arasyndaky oýun hem iki toparyň-da AFK Kubogynda çykyş edýändikleri üçin soňa goýuldy.

Ýene degişli makalalar

Osmakçy, sözaýdyjy we sawçy: Türkmenleriň gudaçylyk dessurlary
Serdar Berdimuhamedow çagalar üçin Täze ýyl tomaşasyna gatnaşdy
Aşgabatda sürüjileriň täzelenen uniformasynyň ýene çalşyryljakdygy aýdylýar
39-njy nokauty
19.09.2018 | Baýramçylygyň öň ýanyndaky binagärlik açylyşlary