39-njy nokauty

ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde geçirilen boks agşamynda agyr agramyň ägirtleri, ýeňlişsiz iki boksçy — amerikaly Deonteý Waýlder bilen kubaly Luis Orits WBC-niň (Bütindünýä boks bileleşiginiň) çempionlygy ugrunda özara tutluşdy.

Birmeňzeş sebäpler bilen, has takygy, gyzlarynyň saglyk ýagdaýynyň pesligi sebäpli boksa başlan iki boksçynyň tutluşygy bütin dünýäniň üns merkezinde boldy.Ençeme teleýaýlymda görkezilen tutluşygyň 5-nji raundynda Waýlder güýçli garşydaşyny ýyksa-da nokaut edip bilmedi.

Ilkinji 4 raundda garşydaşyna garanyňda, azda-kände erjellik görkezen 38 ýaşly Orits 7-nji raundda Waýlderi tasdanam nokauta iberipdi. Ýöne yzly-yzyna geçiren urgularynyň üstüni nokaut bilen ýetirip bilmedi.

Arakesmede özüni dürsän 32 ýaşyndaky Waýlder täzeden hyjuwlanyp başlady.Netijede, ýaşy az-owlak gartaşan Oritse 10-njy raunda çenli çydamak başartdy.Orits 10-njy raundda Waýlderiň yzy üznüksiz urgularyna çydap bilmedi we nokaut bilen ýeňlişe sezewar boldy.

Bu kubaly boksçynyň karýerasyndaky ilkinji ýeňlişi diýlip, hasaba alyndy.King Kong lakamly Orits şu wagta çenli geçiren 28 duşuşygynyň ählisinde (24-sini nokaut bilen) ýeňiş gazanypdy. 2008-nji ýylda Olimpiýa çempionlygyny gazanan Waýlder bolsa, 40-njy ýeňşini baýram etdi.

Ol şol 40 duşuşykda 39-njy gezek nokaut bilen ýeňiş gazandy.Waýlderiň indiki garşydaşynyň WBA, IBF we IBO guşaklarynyň eýesi, angliýaly Entoni Joşua bolmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Deňlikde tamamlandy
Iki ägirt iki gezek özara duşuşarlar
Taryhy duşuşygyň wagty mälim edildi
Guşaklaryny yzyna aldy
WBC guşagy ugrunda
Joşuanyň 21-nji nokauty