Birža söwdalarynda 16 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Birža söwdalarynda 16 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň telekeçileri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Şeýle hem, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplük, buýan köki, dikeldilen süýüm we nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 16 million dollaryndan gowrak boldy.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin jemi bahasy 33 million 596 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (Türkmennebit döwlet konserni), tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, ýorgan-düşek daşlyklaryny, float aýnasyny, nah ýüplügi, el halylaryny satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda 44 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy