Birža söwdalarynda 44 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Birža söwdalarynda 44 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Şeýle hem BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine aşgarlanmadyk mata, nah ýüplük, nah ýüplügiň galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 44 million 563 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny we polipropileni, Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürt kislotasyny, float aýnasyny, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 220 million 162 müň manatdan gowrak boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda 16 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy