Birža söwdalarynda "B" kysymly karbamid eksport edildi

Birža söwdalarynda "B" kysymly karbamid eksport edildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) duşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda "B" kysymly karbamid uly islegden peýdalanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Owganystandan, BAE-den we Ukrainadan gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 5 million 650 müň ABŞ dollaryna deň bolan "B" kysymly karbamidi satyn aldylar. Birža söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Şeýle hem Pakistandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna çig ýüpek satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 300 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Içerki bazar üçin ýerli telekeçiler bolsa “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen TPP D 30 S kysymly polipropileni we türkmen el halysyny satyn aldylar. TDHÇMB-nyň bu söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy 2 million 415 müň 334,3 manada barabar boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede geçirilen söwdalaryň umumy bahasy 18 million 857 müň 180 ABŞ dollaryna deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda “B” kysymly karbamid uly islegden peýdalandy
Dekabr 2023: TDHÇMB-daky eksport söwdalarynyň umumy möçberi $155 milliondan geçdi
Birža söwdalarynyň umumy möçberi $16,4 milliondan geçdi
TDHÇMB: BAE-niň işewürleri $26,95 millionlyk karbamid satyn aldylar
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $14 milliona golaýlady
TDHÇMB-da eksport geleşikleri $18 milliona golaýlady