Birža söwdalarynyň umumy möçberi $16,4 milliondan geçdi

Birža söwdalarynyň umumy möçberi $16,4 milliondan geçdi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň umumy möçberi 16 million 485 müň 900 ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Wirgin adalaryndan gelen işewür bir tonnasynyň bahasy 735 ABŞ dollaryna deň bolan KO-20 kysymly yşyklandyryjy kerosiniň 20 müň tonnasyny satyn aldy. Geleşikleriň jemi bahasy 14 million 700 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem owganystanly telekeçi umumy bahasy 1 million 664 müň ABŞ dollaryna deň bolan SN-180 kysymly başlangyç ýagyň 2 müň tonnasyny satyn aldy. Birža söwdalarynda satylan bu önümiň tonnasynyň bahasy 832 ABŞ dollaryna deň boldy.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda satylan bu önümler “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürildi.

TDHÇMB-nyň söwdalarynda türkmen telekeçileri “TPP D 30 S” kysymly polipropileniň 67 tonnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 1 million 608 müň manada barabar boldy.

Bulardan başga-da, Hytaýdan gelen işewür jemi bahasy 121 müň 900 ABŞ dollaryna barabar bolan tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini satyn almak boýunça geleşik baglaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 48 million 451 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda “B” kysymly karbamid uly islegden peýdalandy
Birža söwdalarynda "B" kysymly karbamid eksport edildi
Dekabr 2023: TDHÇMB-daky eksport söwdalarynyň umumy möçberi $155 milliondan geçdi
TDHÇMB-da penşenbe güni $19,7 millionlyk mazut satyldy
Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy
TDHÇMB: Owganystanyň işewürleri suwuklandyrylan gaza uly isleg bildirdiler