Birža söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy

Birža söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri pagta soapstogynyň arassalanmadyk çig ýag turşulygyny, portlandsementi, nebit galyndylaryny, nah ýüplügi we pagta lintini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 40 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanly işewürler içerki bazara zerur bolan polipropilen plýonkasy üçin çig maly, polipropileni (Türkmennebit döwlet konserni), float aýnasyny we buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 26 million 650 müň manada deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynyň 25-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy
Birža söwdalarynda 43 million dollara golaý geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy