Birža söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy

Birža söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmengaz döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri az kükürtli ýangyç mazudyny, yşyklandyryş kerosinini, suwuklandyrylan gazy (Türkmennebit döwlet konserni), karbamidi (Türkmenhimiýa döwlet konserni) satyn aldylar.

Mundan başga-da, BAE-niň, Owganystanyň telekeçilerine el halylary, nah ýüplük, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 47 million 469 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin polipropileni we binýatlyk ýagy (Türkmennebit döwlet konserni), float aýnasyny, portlandsementi, gaplama plýonkasyny, nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 222 müň 870 dollaryna deň we 15 million 362 müň manatdan gowrak boldy.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 6 million 324 müň dollardan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 8 million 459 müň dollardan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 5 million 893 müň dollardan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 5 million 893 müň dollardan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 1 million 257 müň dollardan gowrak boldy
Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy