Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 8 million 459 müň dollardan geçdi

Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 8 million 459 müň dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine portlandsement, nah ýüplük, gysga süýümli pagta, jins önümleri, buýan köküniň goýy ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 459 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 36 million 578 müň manatdan gowrak bolan bugdaý ununy, nah ýüplügi we nah matany, dokma önümleriniň dürli görnüşlerini, ýoduň spirtli erginini, binýatlyk ýagy (Türkmennebit döwlet konserni) satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 5 million 506 müň dollardan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 6 million 324 müň dollardan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 5 million 893 müň dollardan gowrak boldy