Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 5 million 893 müň dollardan gowrak boldy

Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 5 million 893 müň dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine buýan köküniň ekstrakty, guradylan buýan köki, buýan köküniň ergini, bugdaý uny, nah ýüplük, ýorgan-düşek daşlyklary, jins we dokma önümleri ýerlenildi.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 85 million 690 müň manatdan gowrak bolan bugdaý ununy, nah ýüplügi, pagta ýagynyň çökündisini, çig ýag turşulygyny, plastik ýük tekjelerini satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 5 million 506 müň dollardan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 6 million 324 müň dollardan gowrak boldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 8 million 459 müň dollardan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 5 million 893 müň dollardan gowrak boldy