Birža söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, Türkiýäniň telekeçilerine nah ýüplük we pagta süýümi ýerlenildi.Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 2 million 248 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy we gaplaýyş plýonkasyny (“Türkmennebit” döwlet konserni) satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynyň 25-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 43 million dollara golaý geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy