Birža söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy

Birža söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

TDH-niň berýän habaryna görä, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kerosini we polipropileni satyn aldylar. Şeýle hem BAE-niň telekeçileri Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Şotlandiýanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň işewürleri tekiz boýalan tüýjümek önümleriň dürli görnüşlerini, nah ýüplügidir nah matany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 500 müň dollaryna golaý boldy.

Habarda bellenilişi ýaly, ýerli telekeçiler içerki bazar üçin Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen bahasy 5 million 400 müň manada deň bolan polipropileni satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda 25 million dollara golaý ylalaşyk baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynyň 25-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 43 million dollara golaý geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy