Birža söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy

Birža söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Maltanyň telekeçileri we beýlekiler Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini, polipropileni, yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar.

Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekillerine bolsa Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamid ýerlenildi.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah mata we nah ýüplük, jins matalary ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 51 million 329 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, nebit ýol bitumyny, el halylaryny, nah ýüplügi, ýüpek çig malyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 14 million 756 müň manatdan gowrak boldy.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
TDHÇMB-da sişenbe güni eksport geleşikleri $38,2 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
TDHÇMB-da penşenbe güni $19,7 millionlyk mazut satyldy
TDHÇMB-da çarşenbe güni KO-20 kysymly yşyklandyryjy kerosin satyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy