TDHÇMB-da çarşenbe güni KO-20 kysymly yşyklandyryjy kerosin satyldy

TDHÇMB-da çarşenbe güni KO-20 kysymly yşyklandyryjy kerosin satyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) çarşenbe güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda KO-20 kysymly yşyklandyryjy kerosin satyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy habar berdi.

Owganystandan we Maltadan gelen işewürler umumy bahasy 9 million 228 müň ABŞ dollaryna deň bolan KO-20 kysymly yşyklandyryjy kerosini satyn aldylar. Birža söwdalarynda satylan bu önüm “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürildi.

Şeýle hem içerki bazar üçin türkmen telekeçileri nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 1 million 959,7 müň manatdan geçdi.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň 2023-nji ýylyň soňky hepdesinde geçiren söwdalarynyň jemi bahasy 25 million 117 müň 900 ABŞ dollaryna deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
TDHÇMB-da penşenbe güni $19,7 millionlyk mazut satyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
TDHÇMB-da sişenbe güni eksport geleşikleri $38,2 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy