Birža söwdalarynda tüýjümek önümlere, nah ýüplüge uly isleg bildirildi

Birža söwdalarynda tüýjümek önümlere, nah ýüplüge uly isleg bildirildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.

Daşary ýurtly işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň telekeçilerine portlandsement, tüýjümek önümler, nah ýüplük, aşgarlanmadyk mata, nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 857 müň 180 dollaryna deň boldy.

Ýerli işewürler içerki bazar üçin jemi bahasy 30 million 156 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (Türkmennebit döwlet konserni), elde dokalan halylary, tüýjümek önümleri, ýorgan-düşek daşlaryny, nah ýüplügi, çig ýüpegi, çig ýagly turşulyklary, pagta galyndylaryny satyn aldylar.

Ýene degişli makalalar

Birža söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy
Birža söwdalarynda 44 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
Birža söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy
TDHÇMB-da sişenbe güni eksport geleşikleri $38,2 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy
Birža söwdalarynda sişenbe güni eksport geleşikleri $28 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy