“Bitcoin” bankomatlaryny köpelder

Soňky ýyllarda kriptopuluň görnüşleri we tölegiň bu görnüşiniň ulanylyşy artýar.Köp ýurtda kriptopullary adaty pul bilen çalşyp bolýan bankomatlar hem hereket edýär.Hippo Kiosks LLC kompaniýasy bolsa kriptopullary almaga we satmaga mümkinçilik berýän bankomatlary müşderileriň hyzmatyna hödürleýär.

Kompaniýa golaýda ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Lansdeýil şäherinde “bitcoin” bankomatyny açdy.Bu bankomat arkaly müşderiler nagt pul bilen “bitcoin” (BTC) satyn alyp ýa-da satyp bilýärler.Oňaýly tarapy bolsa, müşderilerden haýsydyr bir onlaýn bellige alynmagy talap edilmeýär. “Bitcoin” satyn almak üçin müşderiniň ýanynda nagt ýa-da Bitkoin gapjygyňy bolmagy ýeterlik.

Kompaniýa geçen ýylyň mart aýynda 20 sany “bitcoin” bankomatyny açmak arkaly bu işe girişipdi. Kompaniýa bankomatlrynyň sanyny köpeltmegi maksat edinýär.

Muhammet POLATBAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Günorta Koreýa iki rus işewürine garşy sanksiýa girizdi
“Türkmengaz” täze kompressorlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alar
Aşgabatda halkara ýük gatnawlarynyň möhüm meseleleri maslahatlaşyldy
Türkmenistan Eýran üçin gümrük amallaryny ýeňilleşdirer, ýaş hünärmenler işe kabul edilende ýeňillikli girdeji salgydy belleniler, türkmen wekiliýeti Peterburg Halkara ykdysady forumyna gatnaşýar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlaglar
Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda ýük gämileriniň gatnawy köpelýär