Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlaglar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlaglar

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli, döwlet we hökümet ýolbaşçylaryndan hem-de iri işewür toparlaryň wekillerinden gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär.

Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür we ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikler baradaky iň gowy arzuwlaryny Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer, Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella, Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Egils Lewits, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiç, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulit, Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakob, Türkmenistan ABŞ işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart, Oxbow Carbon LLC kompaniýasynyň başlygy we baş ýerine ýetiriji direktory William Koh iberdiler.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze edara binasynyň gurluşygy türkmen kanunçylygynyň “gyzyl çyzyk” talaby sebäpli togtadyldy
“Andersen Global” türkmen hukuk firmasy bilen ylalaşyga gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi
Iri kompaniýalar türkmen ykdysadyýetine maýa goýmak üçin konsorsiuma birleşerler
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen wideoduşuşyk geçirdi
Özara bähbitli işewür hyzmatdaşlyk giňeldilýär